«CNPC International Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy barlag-ölçeýji gurallar we awtomatika ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça deslapky kwalifikasiýa tenderini yglan edýär


«CNPC International Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy RMS üçin barlag-ölçeýji gurallar we awtomatika ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça № CIT-26018-MR belgili tenderiň deslapky kwalifikasiýa tapgyryny yglan edýär.
Arza
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar tendere gatnaşmak üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyrlar:
— gatnaşmak üçin arza;
— kompaniýa we onuň işi barada gysgaça maglumat;
— soňky üç ýylyň dowamynda şuňa meňzeş üpjünçilikler boýunça tejribe;
— ýerli kompaniýalar üçin — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şahadatnamasy.
Tabşyrylyşy
Deslapky kwalifikasiýa resminamalary rus we iňlis dillerinde taýýarlanmaly, tikilen, sahypalary belgilenilen görnüşde, berk ýapylan bukjalarda hem-de ugradyş hat bilen tabşyrylmalydyr.
Resminamalar toplumy aşakdakylary öz içine almalydyr:
— 1 nusga (asyl);
— 1 göçürme;
— ähli resminamalaryň elektron skanirlenen görnüşi.
Bukjanyň ýüz tarapynda alyjynyň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.
Möhletler
Arzalar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildiriş çap edilen gününden başlap 7 senenama gününiň dowamynda — 2026-njy ýylyň 14–20-nji maýy (goşmak bilen) aralygynda kabul edilýär.
Kesgitlenen möhletden gijä galan resminamalar kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin
Salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Aşgabat, Türkmenistan
Habarlaşmak üçin jogapkär şahs: Şasoltan Hasanowa
Tel.: +993 (12) 44-52-00 (5701)
Faks: +993 (12) 44-50-44








