HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşalygyň Windzor halkara atly oýunlaryna gatnaşmak üçin Londona bardy

Maý 18, 2026 | 14:10 |6253
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary bilen bardy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Londonyň halkara howa menzilinde gondyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary bilen bardy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Londonyň halkara howa menzilinde gondy
Çeşme: horseandhound.co.uk

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary bilen bardy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Londonyň halkara howa menzilinde gondy.

Bu sapar britan patyşa maşgalasynyň agzasy — Edinburg gersogy, Prins Edwardyň resmi çakylygy boýunça amala aşyrylýar. Saparyň esasy wakasy türkmen wekiliýetiniň 16–17-nji maýda geçiriljek abraýly Patyşalygyň Windzor halkara atly oýunlaryna gatnaşmagy bolar.

Bu abraýly dünýä gözden geçirişiniň çäklerinde ýewropaly we dünýä jemgyýetçiligini ahalteke bedewleriniň täsinligi hem-de türkmen atçylyk sungatynyň çuňňur däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen ýörite milli sergi ýaýbaňlandyryldy.

Bu sapar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Halk Maslahatynyň Başlygynyň Windzordaky şeýle derejeli çärelere gatnaşmagy ahalteke bedewiniň dünýä gymmatlygy hökmündäki hökmündäki derejesini tassyklaýan medeni diplomatiýanyň aýdyň nusgasydyr hem-de türkmen-britan dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026