HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekindäki Asman ybadathanasy: imperatorlaryň asman bilen gürrüňdeş bolan ýerinde häzirki wagtda dünýä liderleri duşuşýar

Maý 15, 2026 | 23:32 |3752
Çeşme: orient.tm

600 ýyllyk taryh, 273 gektar, tegelek demirgazyk we dörtburç günorta taraplary — «tegelek asmanyň we dörtburç Ýeriň» nyşany

CCTV+ teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti bolan Asman ybadathanasy Hytaýyň we ABŞ-nyň döwlet baştutanlarynyň ýene bir taryhy duşuşygyna şaýat boldy: penşenbe güni seýilgähe başlyk Si Szinpin we prezident Donald Tramp gelip gördüler.

1420-nji ýylda gurlan bu binalar toplumy, Min we Sin dinastiýalarynyň imperatorlarynyň asmana sežde edip, bol hasyl üçin doga eden ýeridir.

273 gektar meýdany eýeleýän bu toplum Içki we Daşky ybadathanalara bölünýär. Asman ybadathanasynyň demirgazyk bölegi tegelek, günorta bölegi bolsa dörtburç şekilli. Bu «asman tegelek, Ýer bolsa dörtburç» baradaky gadymy ynamy görkezýär. Demirgazyk we günorta bölekler takmynan 1200 metr uzynlykdaky ok bilen birleşdirilip, simmetriýanyň we sazlaşygyň gözelligini görkezýär.

Gadymy gurluşyk tehnologiýalarynyň ajaýyp eseri bolan bu toplumyň merkezi binasy — Bol hasyl üçin doga ediş zaly. Ol 28 sütün bilen goldanýan üç gatly aýna örtükli üçekli gurluş bolup, agaç çatma usulynda ýasalandyr.

Asman ybadathanasy 1918-nji ýylda seýilgäh hökmünde halk üçin açyldy. 1961-nji ýylda Döwlet geňeşiniň karary bilen döwlet tarapyndan goralýan ilkinji medeni ýadygärlikleriň sanawyna girizildi. 1998-nji ýylda ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle hem 2024-nji ýylda Bütindünýä miras sanawyna girmek üçin dalaşgär sanawyna girizilen Pekiniň Merkezi okunyň 15 miras obýektiniň biridir. Pekiniň Merkezi oky 7,8 kilometre uzaýar we Hytaýyň paýtagtynyň demirgazykdaky Deprek we Jaň diňlerinden başlap, günortadaky Ýundinmen derwezesine çenli iň möhüm binagärlik ýadygärliklerini birleşdirýär.

Häzirki wagtda hem, ýüzlerçe ýyl mundan öňküsi ýaly, Asman ybadathanasy diňe binagärlik ýadygärligi däl. Ol Hytaý siwilizasiýasynyň dowamlylygynyň janly şaýadydyr, taryhyň häzirki zaman bilen, diplomatiýanyň medeniýet bilen duşuşýan ýeridir. Dünýä liderleriniň möhüm duşuşyklarynyň hut şu ýerde geçmegi tötänlik däl: Asman ybadathanasynyň diwarlary imperator däp-dessurlaryny ýatda saklap dur we indi dünýäniň geljegini kesgitlýän çykyşlary eşidip dur.

Bu ýer imperator dogalaryny, beýik gurluşyklary we gadymy däp-dessurlaryň dymyşlygyny ýatda saklap dur. Indi bolsa — millionlaryň ykbalyny çözýän liderleriň seslerini hem eşidýär. Asman ybadathanasy hemme zady görüpdir. Ol dymyp dur. Sebäbi onuň diwarlary esasy zady bilýär: asman diňe hasyl dileýänleri däl, eýsem parahatçylygy gözleýänleri hem eşidýär. We, belki-de, hut şu ýerde, 28 sütüniň saýasynda amala aşmaly wadalaryň düýbi tutulýandyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026