HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazan Kremlinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Tatarystanyň Raisiniň duşuşygy boldy

Maý 15, 2026 | 12:12 |5337
«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremlinde Tatarystanyň Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremlinde Tatarystanyň Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremlinde Tatarystanyň Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşandygy we ýurduň wekiliýetini iberendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şu ýyl Türkmenistanyň «Kazan Halal Market» ýarmarkasynda iň uly diwarlyklaryň birini goýandygy, forumyň çäklerinde guralan ýurduň sergi ekspozisiýasynyň bolsa Türkmenistanyň kuwwatly ykdysady we eksport mümkinçiliklerini aýdyň görkezýändigi aýratyn bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, şu ýyl Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Tatarystanyň ýolbaşçylygyny gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri IT-ulgamy, sanlylaşdyrmak we maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda «KazanForumyň» dünýä derejesindäki meýdança hökmünde abraýynyň barha artýandygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Kazan Kremlinde geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligi duşuşygyň dowamynda özboluşly pursat boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri strategik hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny nygtap, RF-niň Prezidentine mähirli salamyny ýollady.

«Türkmenistan we Russiýa — uzak möhletleýin esasdaky strategik hyzmatdaşlardyr. Men köptaraply özara hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin amatly şertleri döredendigi üçin Wladimir Putine minnetdarlygymy bildirýärin» — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Rustam Minnihanow bu üstünlikli gatnaşyklaryň binýadynyň Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň tagallalary, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň köp ýyllyk işiniň netijesinde tutulandygyny tassyklady.

Bu duşuşyk Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-rus dialogynyň çäklerinde sebitara gatnaşyklaryň netijeli nusgasydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Taraplar häzirki forumyň ýokary tehnologiýaly pudaklardaky we medeni-ynsanperwer ulgamdaky bilelikdäki taslamalara täze itergi berjegine ynam bildirdiler.

«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumy 12-17-nji maý aralygynda geçirilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026