HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ormuz bogazyndaky wakalar Türkmenistandan Pakistana çekiljek turbageçirijiniň taslamasynyň ähmiýetini artdyrýar

Maý 14, 2026 | 11:57 |14655
Ormuz bogazyndaky krizis sebit energetikasy üçin «howp duýdurmasy» bolup, serişdeleri ibermegiň gury ýer ugurlaryny ösdürmegiň zerurdygyny tassyklady. Bu barada Pakistanyň Russiýadaky ilçisi Faýsal Niýaz Tirmizi TASS agentligine beren interwýusynda aýtdyOrmuz bogazyndaky krizis sebit energetikasy üçin «howp duýdurmasy» bolup, serişdeleri ibermegiň gury ýer ugurlaryny ösdürmegiň zerurdygyny tassyklady. Bu barada Pakistanyň Russiýadaky ilçisi Faýsal Niýaz Tirmizi TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy
Çeşme: orient.tm

Ormuz bogazyndaky krizis sebit energetikasy üçin «howp duýdurmasy» bolup, serişdeleri ibermegiň gury ýer ugurlaryny ösdürmegiň zerurdygyny tassyklady. Bu barada Pakistanyň Russiýadaky ilçisi Faýsal Niýaz Tirmizi TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Diplomatyň aýtmagyna görä, dünýädäki nebitiň 20%-den gowragynyň geçýän adaty deňiz ýollaryndaky durnuksyzlyk Yslamabady işjeň görnüşde alternatiwa gözlemäge mejbur edýär. Zerur bolan energiýa serişdeleriniň takmynan 90%-ini import edýän Pakistan Merkezi Aziýadan gelýän giň gerimli turbageçirijiler ulgamynyň döredilmegini strategik çykalga hökmünde görýär.

«Belli bir tapgyrda Türkmenistandan, hatda Russiýadan hem Günorta Aziýa çekiljek alternatiw turbageçirijiler ara alnyp maslahatlaşylar. Ormuz bogazyndaky ýagdaý bizi Merkezi Aziýadan turbageçirijileri gurmak barada oýlanmaga mejbur etdi» diýip, Faýsal Niýaz Tirmizi nygtady.

Ilçi Pakistanyň awtomobil we demir ýollaryny, şeýle hem energetika magistrallaryny birleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň doly integrasiýasyna çalyşýandygyny belledi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistandan gelýän taslamalar Pars aýlagyndaky geosyýasy töwekgelçiliklerden garaşsyz bolan, sebitiň energetika howpsuzlygynyň ygtybarly şerti hökmünde garalýar.

Diplomat Pakistanyň we Russiýanyň liderleriniň geçen ýyl Pekinde we Aşgabatda eýýäm iki gezek duşuşandygyny hem belledi. Bu bolsa «Demirgazyk — Günorta» arabaglanyşygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde sebit meýdançalarynyň derejesini tassyklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026
Ýewropada tebigy gazyň bahasy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi

Ýewropada tebigy gazyň bahasy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi

15:00 Oktýabr 28, 2026