HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar

Maý 14, 2026 | 22:50 |7431
2026-njy ýylyň 12–14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Berdimyrat Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Maltanyň Sent Julians şäherinde geçirilýän “BMG–Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar2026-njy ýylyň 12–14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Berdimyrat Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Maltanyň Sent Julians şäherinde geçirilýän “BMG–Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 12–14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Berdimyrat Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Maltanyň Sent Julians şäherinde geçirilýän “BMG–Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar.

“BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň sekretariaty hem-de Maltanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde guralýan maslahata Komissiýanyň agza döwletleri, şeýle hem halkara guramalaryň we degişli düzümleriň wekilleri gatnaşýarlar.

делегация Туркменистана участвовала в 72-й сессии Комиссии ООН Туризм

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda gatnaşyjylar syýahatçylyk ulgamynda global garaýyşlar we sebit çemeleşmeleri, guramanyň işi, Ýewropa boýunça 2025–2026-njy ýyllar üçin iş maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem guramanyň agzalary bilen özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, 2027-nji ýyl-Durnukly we ýaşaýşa ukyply syýahatçylygyň halkara ýylyna taýýarlyk görmek, halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de häzirki wagtda dünýä syýahatçylyk pudagynyň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki zaman wehimleri aýratyn üns merkezinde boldy.

участие Туркменистана в 72-й сессии Комиссии ООН Туризм

Türkmenistanyň bu halkara foruma gatnaşmagy ýurdumyzyň durnukly syýahatçylygy ösdürmäge we bu ugurda oňyn dialogy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň işjeň agzasy hökmünde “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň sekretariaty bilen ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýandygy bellenilýär. Özboluşly tebigy gözel ýerleri, baý medeni-taryhy mirasy, häzirki zaman binagärligi we innowasion tehnologiýalary bilen Türkmenistan milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar.

72-й сессии Комиссии ООН Туризм

Mundan başga-da, «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistan “BMG – Syýahatçylyk” guramasy bilen bilelikde “Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri üçin syýahatçylygy dolandyrmak boýunça okuw” gurady. Bu çärä ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň talyplary we ýurdumyzyň syýahatçylyk kompaniýalary işjeň gatnaşdylar.

Şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň sekretariaty ýurdumyzyň dürli düzümleriniň wekillerine “BMG – Syýahatçylyk” Akademiýasynyň syýahatçylyk pudagynyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksatly onlaýn okuwlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýän ýörite şahadatnama berdi.

Çeşme: Orient.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026