HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly mugallym Daşkentdäki forumda «Öz işiniň ussady» diýlip ykrar edildi

Maý 14, 2026 | 22:00 |7720
6–11-nji maý aralygynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» çempionatynyň çäklerinde «Ylym we innowasion bilim: Ählumumy ösüş strategiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi6–11-nji maý aralygynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» çempionatynyň çäklerinde «Ylym we innowasion bilim: Ählumumy ösüş strategiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Çeşme: orient.tm

6–11-nji maý aralygynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» çempionatynyň çäklerinde «Ylym we innowasion bilim: Ählumumy ösüş strategiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Özbegistanyň we Germaniýanyň Ylymlar akademiýalarynyň guramagyndaky forumda türkmen ylmy mekdebine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Nowruzälem Gurdow wekilçilik etdi.

Gurdow öz çykyşynda häzirki zaman pedagogik usullaryny ahalteke atlaryny seýislemegiň köp asyrlyk däpleri bilen utgaşdyrmagyň syrlary barada gürrüň berdi. Akademiýada ýaş hünärmenleri taýýarlamak baradaky nutugy GDA ýurtlarynyň bilermenlerinde uly gyzyklanma döretdi.

Ylmy ösdürmäge goşan goşandy we ýokary hünär ussatlygy üçin Nowruzälem Gurdow GDA-nyň «Öz işiniň ussady» diýen hormatly adyna mynasyp boldy hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy. Bu üstünlik türkmen atçylyk mekdebiniň we bilim ulgamynyň halkara abraýynyň ýokarydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026