HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Gazagystanyň serhedine tarap täze awtomagistral gurýar: taslama barada nämeler belli

Maý 14, 2026 | 20:45 |7777
Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi ugry boýunça täze döwrebap awtomagistralyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýärTürkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi ugry boýunça täze döwrebap awtomagistralyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär
Çeşme: Каспийский вестник

Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi ugry boýunça täze döwrebap awtomagistralyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Taslama iki bölegi öz içine alýar: uzynlygy 207 kilometre deň bolan Türkmenbaşy – Garabogaz bölegi we 43,6 kilometrlik Garabogaz – Gazagystanyň serhedi bölegi.

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň buýurmasy boýunça gurluşyk işleri “Altyn Nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar. “Kaspiýskiý Westnik” neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleri Türkmenbaşy – Garabogaz ýolunyň 13 böleginde bir wagtda ösümlik gatlagyny aýyrmak we ýer işleri bilen meşgullanýarlar.

Туркменбаши – Гарабогаз – граница Казахстана

Täze ýol dört zolakly bolar. Ýoluň umumy ini 27,5 metre deň bolar, her tarapdaky hereket böleginiň ini 7,5 metr, bir hereket zolagynyň ini bolsa 3,75 metr bolar. Howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen garşylyklaýyn ulag akymlary beton haýat bilen bölüner, ýoluň gyralarynda bolsa gorag gurluşlary gurlar.

Ýoluň örtügi köp gatlakly görnüşde meýilleşdirilýär. Ýer tekizlenip berkidilenden soň geotekstil, birnäçe gatlak çäge-we çagyl garyndysy hem-de dürli dykyzlykly we galyňlykly üç gat gyzgyn asfalt-beton örtügi düşeler.

Täze awtomagistralyň geçirijilik ukyby sagatda 580 ulaga ýa-da günde takmynan 14 müň ulaga çenli bolar. Ýoluň ugrunda sekiz sany awtobus duralgasynyň, awtoduralgalaryň, ýangyç guýujy beketleriň we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Ýoluň giriş-çykyş ýerleri maglumatlary saklaýjy serwerli wideo gözegçilik ulgamy bilen üpjün ediler.

Türkmenbaşy – Garabogaz böleginde 778 birlik tehnika we müňden gowrak hünärmen işleýär. Garabogaz – Gazagystanyň serhedi böleginde bolsa 216 birlik tehnika we 321 sany ýokary taýýarlykly hünärmen zähmet çekýär.

Mundan başga-da, Türkmenbaşy – Garabogaz böleginde iki sany suw arassalaýjy desganyň, awtoduralga meýdançasynyň we ýol gözegçilik polisiýa nokatlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi awtomagistraly Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany birleşdirýän Merkezi Aziýanyň ulag ulgamynyň bir bölegi bolar. Şeýle-de bu ugur Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Eýrandan we Hindistandan ýük daşaýjylary çekip biljek Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesine hem girýär.

Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi halkara ýük daşamalary we sebit ýurtlary bilen serhet söwdasy üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder diýlip garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026