HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«PETRONAS»-yň ýolbaşçylar wekiliýetiniň Aşgabada sapary strategik hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini tassyklaýar

Maý 12, 2026 | 22:35 |44009
Aşgabatda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň energetika ägirdi bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň köp ýyllyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan dabaraly agşam geçirildiAşgabatda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň energetika ägirdi bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň köp ýyllyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan dabaraly agşam geçirildi
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň energetika ägirdi bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň köp ýyllyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan dabaraly agşam geçirildi. Hökümetiň wekillerini, diplomatlary we nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän bu baýramçylyk diňe bir korporatiw çäre bolman, eýsem, özara hormat goýmagyň we professional derejesindäki sazlaşykly hyzmatdaşlygyň hakyky dabaralanmasyna öwrüldi.

petronas-strategic-partnership-turkmenistan (3).jpg

Dabaraly agşama wise-premýer Guwanç Agajanowyň we ýurduň nebit-gaz toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem «PETRONAS» kompaniýasynyň ýokary wezipeli adamlarynyň — baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigiň we özleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahabyň gatnaşmagy duşuşygyň aýratyn derejesini görkezdi.

Çäräniň joşgunly gurşawyny folklor ansambllarynyň çykyşlary we çagalaryň döredijilik çykyşlary has-da baýlaşdyrdy, tomaşaçylar bolsa çagalar toparynyň çykyşyny ö, el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

petronas-strategic-partnership-turkmenistan (2).jpg

Çärede «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri çykyş edip, hyzmatdaşlygyň otuz ýylynyň dowamynda kompaniýa Hazar deňzindäki ilkinji maýadarlaryň birinden başlap, ýurduň ykdysadyýetine goşan goşandy 11,7 milliard dollar bilen bahalandyrylýan strategik hyzmatdaş derejesine çenli uly ýoly geçdendigini nygtadylar.

petronas-strategic-partnership-turkmenistan (4).jpg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň wekili Maksat Esenowyň belleýşi ýaly, şu günki günde hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar — bu ýerde gürrüň innowasiýalary we ekologiýa taýdan howpsuz çözgütleri ornaşdyrmak barada barýar.

petronas-strategic-partnership-turkmenistan (5).jpg

Agşamyň iň möhüm bölegi «adam maýasy» mowzugy boldy. «PETRONAS» diňe bir platformalar we terminallar däl-de, eýsem, ýüzlerçe ykballardyr. 300-den gowrak türkmen talyby eýýäm «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde (UTP) bilim alyp, ýurdumyzyň energetika pudagynda innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüne öwrüldiler.

petronas-strategic-partnership-turkmenistan (6).jpg

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigiň Aşgabada sapary örän möhüm ädim boldy. Hazar deňziniň türkmen bşleginde täze 19-njy we 20-nji ygtyýarnamaly bloklary özleşdirmek boýunça täjirçilik şertleri hakyndaky Teswirnamanyň gol çekilmegi şunuň subutnamasydyr: 30 ýyl — bu diňe başlangyçdyr.

Bu ädim maýadaryň geljege bolan ynamyny we Türkmenistanyň özara bähbitli dialogy giňeltmäge taýýardygyny görkezýär.

petronas-strategic-partnership-turkmenistan (8).jpg

Şeýle hem, wekiller topary ýerli jemgyýete we umumy üstünligiň binýady bolup durýan önümçilik desgalarynyň işgärlerine minnetdarlyk bildirmek üçin Gyýanly şäherçesine baryp görer.

petronas-strategic-partnership-turkmenistan (7).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026