HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada Mämet Guseýnowyň «Balkan eskizleri» fortepiano ýygyndysy täzeden neşir edildi

Maý 09, 2026 | 21:24 |8368
Moskwada «Dutaryň owazlary» gaznasynyň howandarlygynda we Moskwa hökümetiniň goldawynda «Balkan eskizleri» atly nota ýygyndysynyň ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu fortepiano üçin fantaziýa-pýesalar toplumy häzirki zaman saz medeniýetinde aýratyn orun eýeleýärMoskwada «Dutaryň owazlary» gaznasynyň howandarlygynda we Moskwa hökümetiniň goldawynda «Balkan eskizleri» atly nota ýygyndysynyň ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu fortepiano üçin fantaziýa-pýesalar toplumy häzirki zaman saz medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär
Çeşme: «Dutaryň owazlary» gaznasy

Moskwada «Dutaryň owazlary» gaznasynyň howandarlygynda we Moskwa hökümetiniň goldawynda «Balkan eskizleri» atly nota ýygyndysynyň ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu fortepiano üçin fantaziýa-pýesalar toplumy häzirki zaman saz medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär. Neşir Nury Halmämedow adyndaky Moskwa halkara sungat festiwalynyň on ýyllygyna bagyşlandy. Bu waka diňe bir notalaryň çap edilmegi däl, eýsem iki dostlukly ýurduň saz däplerini, medeniýetini we ruhuny birleşdirýän köpri boldy.

Toplumyň awtory — meşhur kompozitor we pianinoçy Mämet Guseýnow. Türkmenistanda dünýä inen dörediji öz sazlarynda dogduk mekanyna bolan çuňňur söýgüsini beýan etdi. «Balkan eskizleri» 2000-nji ýyllaryň başynda Nebitdagda (häzirki Balkanabatda), Uly Balkan daglarynyň günorta eteginde döredildi.

Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän bu ajaýyp künjek, täsin arçalary, ýowşanyň ysy we ýabany üzüm agaçlary bilen kompozitoryň ylham çeşmesine öwrüldi. Sýuitanyň alty fantaziýa-pýesasy — alty dürli «duýgy nagyşy» bolup, olaryň her biri özboluşly keşbi döredýär: çalt depgindäki «Hüjümden» başlap syrly «Gündogar ertekisine», joşgunly «Batly ymtylyşa» we «Şasenem-Garyp» dessanyndan ylham alan jemleýji «Ylham» pýesasyna çenli. Guseýnowyň sazy — sazlaşykly söhbetdeşlikdir: onda Günbatar Ýewropanyň romantik joşguny Gündogaryň inçe oýlanyşykly ruhy bilen birleşýär.

balkhan-sketches-piano-cycle-turkmenistan-moscow (2).jpg

Täze neşir hakyky sungat eserine öwrüldi — bu ýerde saz şekillendiriş sungaty bilen utgaşýar. Uly Balkanyň sazly keşpleriniň wizual dowamy hökmünde XX asyryň görnükli sowet we türkmen suratkeşi Gennadiý Babikowyň täsirli suratlary ýerleşdirildi. Rus akademiki mekdebiniň ýörelgelerini Merkezi Aziýanyň özboluşly ruhy bilen utgaşdyran dag peýzažlary ýygynda aýratyn estetiki çuňlugy berýär.

Neşiriň gymmatyny bilermenleriň seljermeleri hem artdyrýar. Ýygynda Russiýa Çeperçilik akademiýasynyň prezidenti Zurab Sereteliniň gutlag sözi, şeýle hem eseriň stilistikasy we çeperçilik aýratynlyklary baradaky sazşynaslyk hem sungaty öwreniş seljermeleri ýerleşdirildi.

«Balkan eskizleri» ýygyndysy möhüm şahsy ähmiýete hem eýedir. Ol 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Russiýa–Türkmenistan medeni maksatnamalarynyň utgaşdyryjysy bolan ussat pianinoçy we mugallym Lýudmila Buslawskaýa bagyşlandy. Hut şol halypa Mämet Guseýnowy hem öz içine alan zehinli sazandalaryň uly neslini terbiýeläp ýetişdirdi. Bu neşir — Halypa goýulýan hormatyň we minnetdarlygyň nyşanydyr.

balkhan-sketches-piano-cycle-turkmenistan-moscow (3).jpg

«Balkan eskizleriniň» Moskwada neşir edilmegi Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni dialogynyň üstünlikli dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary çeperçilik we pedagogik ähmiýete eýe bolan ýygyndy eýýäm döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de tanymal pianinoçylaryň konsert repertuaryna girizildi. Halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Ýeliseý Babanow tarapyndan bu toplumyň ýerine ýetirilmegi onuň uly üstünlik gazanandygyny görkezýär: Uly Balkanyň sazy dünýäniň dürli ýerlerinde diňleýjileriň ýüreklerini eýelemegini dowam etdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026