HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Diplomatyň sözi | Kitap pikirlenmegiň we parahatçylygyň guraly hökmünde — Eýranyň Aşgabatdaky ilçisiniň makalasy

Aprel 30, 2026 | 18:30 |13326
Biz täze rubrikamyzda dünýä ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin diplomatik korpusyň wekillerine söz berýäris. Onuň ilkinji myhmany bolsa Eýranyň ilçisi boldy. 23-nji aprelde dünýä bileleşigi Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününi bellediBiz täze rubrikamyzda dünýä ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin diplomatik korpusyň wekillerine söz berýäris. Onuň ilkinji myhmany bolsa Eýranyň ilçisi boldy. 23-nji aprelde dünýä bileleşigi Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününi belledi
Çeşme: medium.com

DIPLOMATYŇ SÖZI | Biz täze rubrikamyzda dünýä ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin diplomatik korpusyň wekillerine söz berýäris. Onuň ilkinji myhmany bolsa Eýranyň ilçisi boldy. 23-nji aprelde dünýä bileleşigi Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününi belledi. Sanly tehnologiýalar we geosyýasy çagyryşlar döwründe näme üçin kitabyn “akylly güýjüň” esasy guraly we halkara hukugynyň binýady bolup galýandygy barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba RUZBEHANI ORIENT sahypalarynda öz garaýyşlaryny beýan edýär.


Kitap, maglumat diplomatiýasy we durnukly parahatçylyk: bitaraplyk we halkara hukugy nukdaýnazaryndan

ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen 23-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni diňe bir medeni sene bolman, eýsem, dünýä durnuklylygyny we parahatçylygy üpjün etmekde bilimleriň, habarlylygyň hem-de täze garaýyşlary döretmegiň düýpli ornuna gaýtadan seretmek üçin bir mümkinçilikdir. Kitap diňe bir ynsan tejribesini nesilden-nesle geçiriji serişde bolman, eýsem, halklaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmek hem-de medeni we syýasy stereotipleri azaltmak üçin möhüm binýatdyr.

Häzirki wagtda syýasy we maglumat çylşyrymlylygynyň artýan dünýäsinde, «jemgyýetçilik habarlylygy» we «ygtybarly bilim bermek» ýaly düşünjeleriň ähmiýeti hiç wagt bolmadyk derejede ýiti duýulýar. Şeýle şertlerde awtorlyk hukuklaryny goramak we intellektual önümi döredijilere hormat goýmak, aslynda, jemgyýetleriň intellektual garaşsyzlygyny goldamagy hem-de durnukly parahatçylygyň binýadyny berkitmegi aňladýar. Bu bolsa «akylly güýç» konsepsiýasy we halkara gatnaşyklaryny dolandyrmakda medeniýetiň tutýan orny bilen göni baglanyşyklydyr.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyga esaslanýan we halkara hukugynyň ýörelgelerine hormat goýmagy, güýç ulanmakdan ýüz öwürmegi we jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmegi yzygiderli nygtaýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty sebitde gymmatly nusga bolup durýar. Bu çemeleşme, esasan, durnukly howpsuzlygyň gapma-garşylyk arkaly däl-de, dialog, medeni gatnaşyklar we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak arkaly gazanylýandygyny baradaky çuňňur düşünjäni şöhlelendirýär.

Şeýle gurşawda kitap okamak medeniýetini ösdürmek we jemgyýetiň bilime elýeterliligini giňeltmek, halklaryň habarlylygyny ýokarlandyrmakda hem-de ekstremizm, dezinformasiýa we emeli döredilýän dartgynlyklar garşysynda jemgyýetiň durnuklylygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Bilim we aň-düşünje bilen ýaraglanan jemgyýet syýasy ýalňyşlyklara has az sezewar bolýar we paýhaslylyga we parahatçylykly ýaşaýşa has köp gönükdirilendir.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy, dil we siwilizasiýa gatnaşyklaryna esaslanýan medeni gatnaşyklar bu prosesde möhüm orun eýeläp biler. Edebi eserleri terjime etmek, kitap sergilerini geçirmek we intelegensiýanyň arasyndaky dialogy goldamak boýunça bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek özara düşünişmegi berkitmäge hem-de halkara hukugyna hormat goýmak, zorlukdan ýüz öwürmek we parahatçylygy dabaralandyrmak ýaly umumy gymmatlyklaryň bitewileşmegine ýardam edip biler.

Jemläp aýtsak, Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni durnukly parahatçylygyň, ilkinji nobatda, syýasy ulgamda däl-de, eýsem pikirlenme we jemgyýetçilik aň-düşünjesi ulgamynda kemala gelýändigini ýatladýar; bu ýolda bolsa kitapdan we medeniýetden has täsirli gural ýokdur.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026