HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda FinFest Turkmenistan 2026 geçirildi — maliýe sowatlylygynyň we bazaryň ösüşiniň milli platformasy

Aprel 21, 2026 | 21:45 |10278
18-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Maliýe hyzmatlarynyň ikinji Festiwaly — FinFest Turkmenistan 2026 geçirildi18-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Maliýe hyzmatlarynyň ikinji Festiwaly — FinFest Turkmenistan 2026 geçirildi
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Maliýe hyzmatlarynyň ikinji Festiwaly — FinFest Turkmenistan 2026 geçirildi. Bu giň gerimli bilim we pikir alyşma meýdançasy banklary, ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny, IT-pudagy, halkara guramalaryny, telekeçileri we giň jemgyýetçiligi birleşdirip, umumy maksada — Türkmenistanda maliýe medeniýetini gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwürmek meselesine gönükdirildi.

Çäräniň guramaçylary “Durnukly Maliýe Merkezi” we “Açyk ýürek” hojalyk jemgyýetleri bolup Türkmenistanyň Ykdysadtçylar birleşmesiniň goldanmagynda geçirildi. Bu ýylky festiwal täze derejä çykaryldy: maksatnama dinamiki hyzmatdaşlyk ekosistemasy hökmünde guralyp, panel sessiýalar, “Açyk mikrofon” sessiýalary, amaly çykyşlar we şahsy maslahatlar bilen utgaşdyryldy. Maliýe ýarmarkasy bolsa kompaniýalar bilen gatnaşyjylaryň arasynda göni aragatnaşyk nokady bolup, gatnaşyjylara häzirki zaman maliýe önümleri we çözgütleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Festiwalyň esasy temalary häzirki zaman maliýe bazarynyň möhüm ugurlaryny öz içine aldy: bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy, biznesi maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüşi, ätiýaçlandyryş we töwekgelçilikleri dolandyrmak. Şeýle hem maksatnamada durnukly ösüş we ESG ýörelgeleri aýratyn orun eýeledi, bu bolsa maliýe ulgamlarynyň global ösüş tendensiýalaryny görkezýär.

Festiwala halkara we sebit derejesindäki bilermenleriň çykyşlary aýratyn gymmatlyk goşdy. Panel diskussiýalaryň çäklerinde maliýe ulgamlaryny we institusional gurşawy ösdürmegiň amaly çemeleşmeleri görkezildi. Hususan-da, halkara guramalarynyň bilermeni Maksаt Keşiýew durnukly maliýe ekosistemalarynyň emele gelşi baradaky tejribesini paýlaşyp, ulgamlaýyn özgertmeleriň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.

Ernst&Young kompaniýasynyň wekili Ruslan Sadgalin tarapyndan geçirilen onlaýn çykyş ýaşyl maliýe we ESG-özgertmelerine bagyşlandy. Bu ugur sebit üçin täze bolsa-da, strategiki taýdan möhüm hasaplanýar. Ol ESG çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagynyň halkara maliýeleşdiriş mümkinçiliklerini açýandygyny we ykdysadyýetiň maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrýandygyny nygtady.

Maýa goýum bazarynyň amaly taraplaryny Güljanat Sarenowa beýan edip, häzirki zaman maliýe gurallaryny, şol sanda ileri tutulýan maliýeleşdiriş usullaryny görkezdi we biznes üçin täze maliýeleşdiriş mehanizmleriniň ösdürilmeginiň möhümdigini aýratyn belledi.

Festiwalyň iň täsirli bölekleriniň biri çagalar üçin maliýe sowatlylygynyň interaktiw zolagy boldy. Bu ýerde çagalar oýun we amaly tabşyryklar arkaly şahsy maliýe dolandyryşynyň esasy ýörelgeleri, bank önümleri we maliýe jogapkärçiligi bilen tanyşdylar. Bu bolsa guramaçylaryň uzak möhletli çemeleşmesini görkezýär.

Festiwalyň giň gerimli gatnaşyjy topary — okuwçylardan we talyplardan başlap, telekeçilere, maliýe hünärmenlerine we halkara guramalara çenli — FinFest-iň açyk milli dialog meýdançasy hökmünde ornuny tassyklaýar. FinFest Turkmenistan 2026 maliýe bazarynyň ösüşiniň diňe maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we durnukly hünär jemgyýetleriniň döredilmegi arkaly mümkin bolýandygyny görkezdi. Festiwal maliýe bazarynyň gatnaşyjylaryny birleşdirýän we onuň uzak möhletli ösüş ugruny kesgitleýän möhüm platforma hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026