HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stawropol şäherindäki Demirgazyk-Kawkaz Federal Uniwersitetinde Nowruz baýramyna bagyşlanan halkara festiwaly geçirildi

Aprel 16, 2026 | 19:03 |8206
14-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Stawropol şäherindäki Demirgazyk-Kawkaz Federal uniwersitetinde (DKFU) halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan giň göwrümli halkara festiwaly geçirildi. Bu çäräniň guralmagynyň türkmen talyplaryna ynanylmagy, medeni alyş-çalyş we milli däp-dessurlary dabaralandyrmak üçin özboluşly meýdançanyň döredilmegine mümkinçilik berdi14-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Stawropol şäherindäki Demirgazyk-Kawkaz Federal uniwersitetinde (DKFU) halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan giň göwrümli halkara festiwaly geçirildi. Bu çäräniň guralmagynyň türkmen talyplaryna ynanylmagy, medeni alyş-çalyş we milli däp-dessurlary dabaralandyrmak üçin özboluşly meýdançanyň döredilmegine mümkinçilik berdi
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.)

14-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Stawropol şäherindäki Demirgazyk-Kawkaz Federal uniwersitetinde (DKFU) halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan giň göwrümli halkara festiwaly geçirildi. Bu çäräniň guralmagynyň türkmen talyplaryna ynanylmagy, medeni alyş-çalyş we milli däp-dessurlary dabaralandyrmak üçin özboluşly meýdançanyň döredilmegine mümkinçilik berdi.

Festiwala DKFU-da bilim alýan Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň talyplary gatnaşdylar. Bu pursat her bir gatnaşyjynyň umumy medeni mirasyna öz goşandyny goşmaga mümkinçilik berýän köp öwüşginli medeni giňişligi emele getirdi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldawy bilen taýýarlanan medeni maksatnama, çäräniň esasy bölegi boldy. Türkmen talyplary, öz halkynyň folklor mirasynyň baýlygyny we köpdürlüligini şöhlelendirýän aýdym-sazly kompozisiýalaryny hödürlediler. Olaryň belent derejedäki özboluşlylyk bilen ýerine ýetirilmegi, festiwala gatnaşyjylara türkmen medeniýetiniň ruhuna doly aralaşmaga mümkinçilik berdi.

Aýdym-sazly çykyşlardan başga-da, festiwalyň çäginde Türkmenistanyň medeni gymmatlyklaryny we amaly-haşam sungatynyň nusgalaryny tanadýan sergi guraldy. Ýurdumyzyň dürli künjekleriniň we etniki toparlarynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýän milli lybaslaryň dabaraly görkezilişi hem çäräniň öwüşgünli we iň täsirli pursatlarynyň birine öwrüldi. Çäräniň ahyrynda hödürlenen milli tagamlar, festiwalyň ajaýyp jemlemesi boldy.

Myhmanlar türkmen desterhanynyň däpleri bilen tanyşyp, türkmen talyplarynyň tagam taýýarlamakdaky ussatlyklaryny bahalandyrdylar.

Şuňa meňzeş çäreleriň guralmagy diňe bir talyplaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda hem möhüm orun eýeleýär. Şeýle festiwallar, daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplary üçin Watana bolan söýgüsini beýan etmäge we halkara jemgyýetçiliginiň medeni taýdan baýlaşmagyna goşant goşmaga uly mümkinçilik döredýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026