HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň suw pudagyny maliýeleşdirmek meseleleri Astanada geçiriljek ekologiýa sammitinde ara alnyp maslahatlaşylar

Aprel 14, 2026 | 13:27 |5260
22–24-nji aprel aralygynda Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti geçiriler. Onuň çäklerinde suw pudagyny maliýeleşdirmek boýunça esasy mejlis guralar22–24-nji aprel aralygynda Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti geçiriler. Onuň çäklerinde suw pudagyny maliýeleşdirmek boýunça esasy mejlis guralar
Çeşme: CACF

22–24-nji aprel aralygynda Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti geçiriler. Onuň çäklerinde suw pudagyny maliýeleşdirmek boýunça esasy mejlis guralar. Çärä sebit ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleri, şol sanda Dünýä banky we Aziýa ösüş banky gatnaşar.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa dünýäniň iň gowşak sebitleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu ýerde howanyň gyzmagynyň depgini dünýä ortaça görkezijilerinden ýokary bolup, bu ýagdaý buzluklaryň çalt eremegine we aşa tebigy hadysalaryň — uzak wagtlaýyn gurakçylyklardan başlap, weýran ediji suw joşmalaryna çenli — artmagyna getirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde sebit ýurtlarynyň liderleri suw ýetmezçiliginiň millionlarça adamyň azyk howpsuzlygyna howp salýandygyny belläp geçdiler.

23-nji aprelde geçiriljek mejlisde gatnaşyjylar suw infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin amaly gurallary gözlemäge ünsi jemlärler. Bu ýerde maliýe çeşmelerini giňeltmek we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly maýa goýumlaryny çekmek aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Ara alnyp maslahatlaşmalaryň möhüm bölegi pudagyň tehnologiýa taýdan täzelenmegi bolar. Bu bolsa öňdebaryjy çaklama ulgamlaryna we serişdeleri sanly dolandyrmak tehnologiýalaryna uly möçberde maýa goýumlaryny talap edýär. Şeýle hem bilermenler sebit agzybirligini pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu bolsa giň gerimli ekologiklýa krizisleriň öňüni almak üçin zerur şert bolup durýar.

Duşuşygyň netijesinde sebit boýunça hereketler meýilnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar. Bu resminama suw pudagyny maliýeleşdirmek boýunça strategiýany kesgitläp, Merkezi Aziýanyň uzak möhletleýin ösüşiniň we durnuklylygynyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026