HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Aprel 09, 2026 | 22:20 |5740
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Hemişelik wekilhanalary çykyş etdiler.

Новруз

Çäre ÝUNESKO-nyň kabul ediş zalynda geçirildi we baý medeni maksatnamany öz içine aldy. Onuň çäklerinde konsert, milli tagamlaryň dadyp görülmegi we tematiki sergi guraldy.

Türkmenistanyň sergi diwarynda el işi halylar, milli şaý-sepler we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän sowgatlyk önümler görkezildi. Şeýle hem myhmanlar üçin türkmen milli aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmek guraldy.

Новруз

Çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen äheňleri” estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Haýdarowyň ýolbaşçylygyndaky saz toparynyň çykyşy çekdi. Maksatnamada dutar we gyjak ýaly milli saz gurallarynyň ulanylmagynda ýerine ýetirilen eserler ýaňlandy. Sazandalaryň çykyşy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Новруз

Новруз

Medeni maksatnamanyň çäginde türkmen dizaýneri Göwher Pirgulyýewanyň, şeýle hem Azerbaýjandan we Täjigistandan dizaýnerleriň milli egin-eşikleriň gözelligini we köpdürlüligini görkezýän kolleksiýalarynyň görkezilişi geçirildi.

Çäräniň hormatly myhmany hökmünde ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Eponi Kwaku Okwem-Boama gatnaşdy. Şeýle hem çärä Fransiýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalaryň, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky we Pariždäki akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri, jemgyýetçiligiň, diasporanyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Belläp geçmeli zat, 2016-njy ýylda Nowruz baýramy 13 döwletiň — Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki hödürnamasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026