HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gretz-Armanwilýede türkmen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Aprel 09, 2026 | 00:05 |7433
Fransiýanyň Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guralan giň gerimli medeni çäre geçirildiFransiýanyň Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guralan giň gerimli medeni çäre geçirildi
Çeşme: orient.tm

Fransiýanyň Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guralan giň gerimli medeni çäre geçirildi. Çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlandy.

Ilçi Maksat Çaryýew öz gutlag sözünde medeniýetiň halklaryň arasyndaky dostlugyň binýady hökmünde ähmiýetini belläp geçdi hem-de şäheriň ýolbaşçylaryna we «Fransiýa–Türkmenistan» assosiasiýasyna goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

концерт туркменских мастеров

Agşamky maksatnama türkmen halk döredijiliginiň çuň many-mazmunyny açyp görkezýän bagşy-sazandalaryň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny öz içine aldy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyna aýratyn üns berildi. Myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, şeýle hem haly we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezilen tematik sergi bilen tanyşdylar.

Çäre milli tagamlaryň hödürlenmegi bilen tamamlanyp, ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026