HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aprel 02, 2026 | 19:35 |7769
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda geçirilen, milli däp-dessurlary berkitmäge we medeni gymmatlyklary öňe sürmäge gönükdirilen medeni çärä gatnaşdy2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda geçirilen, milli däp-dessurlary berkitmäge we medeni gymmatlyklary öňe sürmäge gönükdirilen medeni çärä gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda geçirilen, milli däp-dessurlary berkitmäge we medeni gymmatlyklary öňe sürmäge gönükdirilen medeni çärä gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde Ilçihana tarapyndan 2026-njy ýylyň: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan milli medeni burç gurnaldy, şeýle hem ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazanan üstünlikleri görkezildi.

Культурное наследие Туркменистана

Çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, Türkmenistanyň dürli ugurlardaky üstünliklerini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän kitaplaryň ýerleşdirilen tematik sergisi özüne çekdi.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň täjik dilinde neşir edilen «Ganatly Bedewler» atly kitaby Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynyň rektoryna iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň nyşany hökmünde gowşuryldy.

Культурное наследие Туркменистана

Çärä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň milli baýlygy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosergi aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu atlar gözelligiň, çydamlylygyň hem-de türkmen atçylyk däpleriniň müňýyllyk taryhynyň nyşany bolup durýandygyny bellediler.

Çäre, şeýle hem Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat instituty tarapyndan taýýarlanan medeni maksatnama bilen dowam etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde saz we teatr çykyşlary, şeýle hem bezeg-amaly sungatynyň sergisi görkezildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026