HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistanda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli medeni çäre geçirildi

Mart 28, 2026 | 16:45 |5354
2026-njy ýylyň 26-njy martynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän, Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdepde, türkmen-täjik dostlugynyň nyşany hökmünde, Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly medeni çäre we sergi geçirildi2026-njy ýylyň 26-njy martynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän, Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdepde, türkmen-täjik dostlugynyň nyşany hökmünde, Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly medeni çäre we sergi geçirildi
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän, Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdepde, türkmen-täjik dostlugynyň nyşany hökmünde, Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly medeni çäre we sergi geçirildi.

Новруз

Çärä Täjigistandaky Türkmen Medeniýet Jemgyýeti, Täjigistan Dostluk we Medeni Gatnaşyklary Jemgyýeti, Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy, ýerli häkimlikler, jemgyýetçilik wekilleri, mugallymlar, žurnalistler we mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.

Новруз Gutlag sözleri bilen Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň orunbasary Şamsiddin Mirzosafarzoda, Türkmenistanyň Ilçisi A. Goçmyradow, Täjigistan Dostluk we Medeni Gatnaşyklary Jemgyýetiniň täjik-türkmen ugrunyň ýolbaşçysy Mirzo Şohruh Asrori, Täjigistandaky Türkmen Medeniýet Jemgyýetiniň ýolbaşçysy Döwran Gaýypnazarow hem-de hormatly türkmen jemgyýetçilik wekilleri Alty Bekmyradow, Şanazar Annaýew we Gülnara Awazowa çykyş etdiler.

Новруз

Olaryň çykyşlarynda iki ýurduň – Türkmenistanyň we Täjigistanyň – ýolbaşçylaryna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iki ýurduň arasynda çuňňur strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga yzygiderli üns berýändikleri üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirildi.

Новруз

Hususan-da, Magtymguly adyny göterýän bu mekdep Täjigistanyň topragynda iki dogan ýurduň dostlugynyň aýdyň nyşany bolup durýandygy bellenildi.

Çäräniň çäginde mekdep okuwçylarynyň aýdym-saz çykyşlary we Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen bilelikde guralan tematik sergi hem geçirildi. Sergide türkmen zenanlarynyň milli şaý-sepleri, el halylary, el keşde nusgalary hem-de Ahalteke bedewleriniň surat sergisi görkezildi. Sergide aýratyn orun Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna berildi.

Новруз

Çärä gatnaşyjylar şeýle çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýandygyny nygtadylar.

Новруз

Новруз

Новруз

Новруз

Новруз

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026