HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da kazyýet Meta we Google kompaniýalaryny ýaşlaryň arasynda sosial torlara garaşlylygyň döremegine günäkär diýip ykrar etdi

Mart 27, 2026 | 17:20 |5277
Los Anjeles şäheriniň eminler geňeşi möhüm karar kabul edip, Instagram-yň eýesi Meta we YouTube-yň eýesi Google kompaniýalaryny algoritmleriň täsiri sebäpli ulanyjylara zyýan ýetirendikleri üçin jogapkär hasapladyLos Anjeles şäheriniň eminler geňeşi möhüm karar kabul edip, Instagram-yň eýesi Meta we YouTube-yň eýesi Google kompaniýalaryny algoritmleriň täsiri sebäpli ulanyjylara zyýan ýetirendikleri üçin jogapkär hasaplady
Çeşme: ru.euronews.com

Los-Anjeles şäherinde eminler kazyýeti taryhy çözgüt kabul edip, Meta (Instagram-yň eýesi) we Google (YouTube-yň eýesi) kompaniýalaryny algoritmleriň garaşlylyk dörediji täsiri sebäpli ulanyjynyň saglygyna zyýan ýetirmekde jogapkär diýip ykrar etdi. Kaliforniýada ýaşaýan 20 ýaşly zenana 6 million dollar möçberinde öwez tölegi bellenildi.

Aýyplamanyň düýp manysy: «Emeli garaşlylyk»

Kazyýet işi takmynan bir aý dowam etdi. Adwokatlar platformalaryň ýaşlarda garaşlylygy döretmek maksady bilen ýörite döredilendigini subut etdiler. Işiň merkezinde sosial torlary köp ýyllap ulanmagyň netijesinde psihiki saglygy zyýan çeken gyzyň hekaýasy bar.

Eminler tehnologiýa ägirtleriniň önümlerini işläp taýýarlamakda biperwaýlyk edendigine netije çykardylar. Gorag tarapy goşundylaryň käbir aýratynlyklaryny çagalaryň durmuşyna aralaşyp, olaryň wagtyna we ünsüne gözegçiligi ele alýan «Troýan atlary» bilen deňeşdirdi.

Tehnologiýa kompaniýalarynyň we bilermenleriň reaksiýasy

Kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Mark Sukerberg, platformalaryň oňyn täsir edýändigini öňe sürdüler. Instagram-yň ýolbaşçysy Adam Mosseri kliniki garaşlylygyň bardygyny tassyklaýan ylmy subutnamalaryň ýokdugyny aýdyp, goşundylaryň aşa ulanylmagyny diňe «meseleli peýdalanmak» diýip häsiýetlendirdi. Meta we Google bu karary şikaýat etmek niýetiniň bardygyny mälim etdiler.

Karara goldawyny Sasseks gersogy we gersoginýasy hem beýan etdiler. Garri we Megan bu çözgüdiň «perdäni az-kem açandygyny» we meseläniň köküniň terbiýede däl-de, önüm dizaýnynda ýatandygyny tassyklaýandygyny bellediler.

Bu kazyýet işi Instagram, YouTube, TikTok we Snapchat garşy giň gerimli arzalaryň ilkinji tapgyry bolup durýar. Häzirki wagtda 1600-den gowrak talap edijiler, şol sanda ýüzlerçe maşgalalar we mekdep etraplary meňzeş talaplary taýýarlaýarlar.

Ýuristler «derwezeler açyldy» diýip belleýärler. Indi sosial torlar öz algoritmleriniň netijeleri üçin resmi taýdan jogapkärçilige çekilip bilner, bu bolsa tehnologiýa pudagyndaky düzgünleri düýpgöter üýtgeder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026