HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň daşary işler ministri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşikde parahatçylyk gepleşiklerine çagyrdy

Mart 26, 2026 | 06:06 |5362
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I sişenbe güni ähli dartgynly meseleleriň güýç ulanmak arkaly däl-de, gepleşikler we dialog arkaly çözülmelidigini aýtdy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy bolan Wan bu pikiri Eýranyň daşary işler ministri Seýýed Abbas Aragçi bilen onuň haýyşy boýunça geçirilen telefon gepleşiginde aýtdy.

Aragçi Wana sebitdäki ýagdaýyň soňky wakalary barada maglumat berdi. Hytaýa gyssagly ynsanperwer kömegi üçin minnetdarlyk bildirip, ol eýran halkynyň daşary agressiýa garşy durmakda hem-de ýurduň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny goramakda has jebisleşendigini aýtdy.

Aragçi Eýranyň harby hereketleri wagtlaýyn däl-de, eýsem urşy doly bes etmek maksadyna ygrarlydygyny aýtdy. Şeýle hem ol Ormuz bogazynyň ähli ýurtlar üçin açykdygyny we gämileriň howpsuz geçip bilýändigini, emma Eýran bilen uruş ýagdaýynda bolan ýurtlaryň bu meselä degişli däldigini belledi.

Ol ähli taraplaryň edýän çäreleriniň dartgynlylygy ýitileşdirmäge däl-de, ony azaltmaga ýardam berjekdigine umyt bildirdi we Hytaýyň parahatçylygy ilerletmekde hem-de urşy bes etmekde oňyn orun eýelemegini dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

Wan öz gezeginde Hytaýyň üýtgewsiz garaýşyny tassyklap, dialogyň dowam edýän harby hereketlerden elmydama has gowy çözgütdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu Eýranyň we onuň halkynyň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de halkara jemgyýetçiliginiň umumy isleglerini açyp görkezýär.

Wan ähli garşydaş taraplary parahatçylyk gazanmak üçin islendik mümkinçiligi we pursady peýdalanmaga hem-de mümkin boldugyça tiz wagtda parahatçylyk gepleşiklerine başlamaga çagyrdy.

Wan Hytaýyň mundan beýläk hem obýektiw we bitarap garaýyşyny saklajakdygyny, beýleki ýurtlaryň özygtyýarlylygynyň bozulmagyna garşy çykjakdygyny, parahatçylygy we harby hereketleriň bes edilmegini işjeň goldajakdygyny hem-de sebitde durnuklylygy üpjün etmek ugrunda iş alyp barjakdygyny aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026