HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aragatnaşykçylaryň we awiasiýa işgärleriniň arasynda Milli Bahar baýramy mynasybetli bäsleşik geçirildi

Mart 22, 2026 | 12:05 |6069
Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Aragatnaşyk ministrligi hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen bilelikde guramagynda pudagyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” atly bäsleşik geçirildiMilli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Aragatnaşyk ministrligi hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen bilelikde guramagynda pudagyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” atly bäsleşik geçirildi
Çeşme: orient.tm

Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Aragatnaşyk ministrligi hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen bilelikde guramagynda pudagyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary bilen baglanyşdyryp, goşgy setirleri arkaly özi, wezipesi, ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşdyrdylar, sahna eseri we aýdym bilen çykyş etdiler, şeýle hem milli tagamlar bilen saçagy bezemek boýunça bäsleşdiler. Mundan başga-da, gelin-gyzlar döwrebap biçüwde dürli nagyşlar we şaý-sepler bilen bezelen milli lybaslary görkezdiler.

Bäsleşik 2 tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gelin-gyzlar zähmet çekýän edara-kärhanalarynda bäsleşdiler. Ikinji tapgyra deslapky tapgyrda ýeňiji bolan gelin-gyzlaryň 6-sy gatnaşmaga hukuk gazandy. Baýrakly orunlara mynasyp bolanlar Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşige gatnaşan beýleki gelin-gyzlara hem guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026