HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý bilen köptaraply hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi

Mart 24, 2026 | 03:23 |4973
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň dowamynda dünýäniň iň iri teleýaýlymlarynyň biri bolan Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna giňişleýin beýanat berdi.

Şol söhbetdeşlikden bir bölegi dykgatyňyza ýetirýäris:

Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlykdan başlaýyn. Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar etdi. Ol 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda biziň ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan dünýäde ilkinji ýurt boldy.

2013-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekildi.

Netijede, 2023-nji ýylyň ýanwarynda biziň ýurtlarymyz Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekilenden soň, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Bu resminamalar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine çykandygyny aňladýar.

Iki döwlet daşary syýasy derejede netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň we geňeşmeleriň usullary döredildi. Iri halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda birek-biregi goldamagyň tejribesi ýola goýuldy. Bu bolsa dünýä we sebit gün tertibiniň örän möhüm soraglary boýunça özara düşünişmegiň, netijeli usullaryň ýola goýlandygyny görkezýär.

Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, biziň halkara başlangyçlarymyzy üýtgewsiz goldaýandygyna ýokary baha berýärin hem-de munuň üçin minnetdarlyk bildirýärin. Öz gezeginde, Türkmenistan hem hytaýly dostlarymyz üçin wajyp soraglara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň umumylygyna hem-de bitewüligine degişli soraglara garaýyşlaryny hemişe anyk beýan edýär.

Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümet bolup durýandygyny tassyklaýarys.

Hytaý bilen köptaraply görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy hem bellemek isleýärin. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň esaslandyryjylarynyň biri hökmünde alyp barýan işine hormat goýýar. Biziň ýurdumyz ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şeýle hem döwletlerimiziň öňe süren başlangyjynyň esasynda döredilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlyk barha ösýär.

Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. 2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy. Haryt dolanyşygynyň durnukly saklanýandygyny hem-de her ýylda 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýandygyny bellemek möhümdir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026