HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan-HHR strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyny gutlaýar

Mart 24, 2026 | 03:06 |5002
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň dowamynda dünýäniň iň iri teleýaýlymlarynyň biri bolan Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna giňişleýin beýanat berdi.

Şol söhbetdeşlikden bir bölegi dykgatyňyza ýetirýäris:

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz esasy ugurlar bolan energetika, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryny, dokma we agrosenagat toplumlaryny, ençeme beýleki ugurlary öz içine alýar.

Nebitgaz pudagynda özara bähbitli gatnaşyk etmegiň özboluşly tejribesi toplandy. Hytaý Halk Respublikasynyň tejribesini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda geljegi uly işläp taýýarlamalarymyz hem bar.

Hytaý bilen hyzmatdaşlykda biziň ulag pudagymyz ýokary depginde ösýär. Bu ugurda anyk mysallary getireýin: häzirki döwürde Türkmenistanyň demir ýollarynda hereket edýän wagonlaryň hem-de lokomotiwleriň 90 göterimi Hytaýda öndürildi. Hytaý wagonlaryny, teplowozlaryny satyn almakdan başga-da, Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

2014-nji ýylda uzynlygy 750 kilometrden gowrak bolan, goňşy ýurtlaryň çäkleriniň üstünden geçip, Hytaý bilen Türkmenistany birleşdirýän demir ýol ulgamy ulanmaga berildi. Soňky ýyllarda hytaý awtomobilleriniň, esasan-da, awtobuslarynyň satyn alnyşy ep-esli artdy. Biziň ýurtlarymyzyň Pars aýlagyna we Hindi ummanyndaky terminallara çykmak bilen, Hazar deňzinde söwda kommunikasiýalaryny ösdürmekde mümkinçiliklerini birleşdirmek üçin ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn.

Bularyň ählisi Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen utgaşýandygyny görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026