HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

Mart 22, 2026 | 14:15 |6960
2026-njy ýylyň 21-nji martynda Stambul şäheriniň Topkapy sebitinde ýerleşýän Türk dünýäsi medeniýet merkezinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi2026-njy ýylyň 21-nji martynda Stambul şäheriniň Topkapy sebitinde ýerleşýän Türk dünýäsi medeniýet merkezinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 21-nji martynda Stambul şäheriniň Topkapy sebitinde ýerleşýän Türk dünýäsi medeniýet merkezinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu medeni çärä Stambul şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, Stambul şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, uniwersitetleriň professor-mugallymlary, bilim alýan talyp ýaşlar we kowçum bolup ýaşaýan köp sanly Türkmenistanlylar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Новруз

Dabaraly çäräniň dowamynda, Türkiýe Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem-de Azerbaýjanyň milli amaly-haşam sungatynyň we medeni miraslarynyň hem-de tagamlaryň sergileri guraldy.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul ş.) Baş konsullygy tarapyndan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ýörite taýýarlanan pawilýon milli äheňde bezelip, bu ýerde myhmanlar ýurdumyzyň özboluşly we baý medeni mirasy, milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, hem-de, nepis haly önümleri, suratlar we sowgatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Новруз

Ondan başga-da Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen bu medeni çäräniň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň milli tanslary we aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi hem-de Nowruzyň parahatçylygyň, agzybirligiň we dost-doganlygyň baýramy diýlip aýratyn ähmiýet berildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026