HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklarynyň geriminiň giňemeginiň öňüni almak üçin tagalla etmäge çagyrdy

Mart 21, 2026 | 23:00 |4919
Çeşme: orient.tm

Anna güni Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wan I häzirki wagtda esasy wezipeleriň biriniň gapma-garşylyklarynyň ýaýramagynyň we beýleki ýurtlaryň muňa mundan beýläk çekilmeginiň öňüni almakdyygyny mälim etdi.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy we Daşary işler boýunça merkezi dolandyryş müdirliginiň direktory Wan I, bu baradaky beýanatyny Fransiýanyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Emmanuel Bonnuň haýyşy boýunça geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde aýtdy.

Wan I Hytaýyň bu mesele boýunça garaýyşyny jikme-jik beýan edip, Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýyň ýaramazlaşmagyny dowam edýändigini we gapma-garşylyklarynyň ýaýraýandygyny belledi. Bu diňe bir ählumumy energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyna zeper ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem agyr ynsanperwer krizisine hem sebäp boldy.

Şeýle hem ol güýç ulanmak meseläni çözmez we adalatsyz urşa ýol berilmeli däldir diýip belledi.

Örän kyn ýagdaýlarda Hytaý we Fransiýa, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde, strategiki özara gatnaşyklary we utgaşdyrmany güýçlendirmeli, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyna berk eýermeli we dünýäniň «jeňňeliň kanunyna» gaýdyp gelmegine ýol bermeli däldir diýip, Wan I nygtady.

Ol ýene halkara bileleşiginiň haýal etmän ýaragly çaknyşyklary bes etmek baradaky bitewi çagyryşy we parahatçylykly gepleşikleri ilerletmek üçin tagallalaryň güýçlendirilmegi şeýle hem sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň çalt dikeldilmegine ýardam etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli ornunyň üpjün edilmegi ýaly iki sany ileri tutulýan wezipäniň bardygyny belledi.

Kynçylyklara garamazdan, dialog we gepleşikler geçirmek krizisden çykmagyň dogry ýoly bolup galýar, Hytaýyň hem-de Fransiýanyň bu maksada ýetmek üçin bolsa bilelikde işlemelidigini aýdyp, Wan I sözüniň üstüni ýetirdi.

Öz gezeginde, Bon Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaý, şol sanda Eýrandaky we Liwandaky wakalar barada öz pikirleri bilen paýlaşdy.

Ol Fransiýanyň we Hytaýyň, iri döwletler hökmünde, Birleşen Milletler Guramasyny goldaýandygyny, halkara hukugyna eýerýändigini we düşünişmezlikleri dialog arkaly çözmegiň tarapdarydygyny aýtdy.

Ol iki ýurduň hem çözgütleri gözlemekde bilelikde işlemelidigini, dartgynlygyň peselmegine we gepleşikleriň täzeden başlanmagyna ýardam etmelidigini belledi.

Fransiýa Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we durnuklylygy çalt gazanmak üçin Hytaý bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026