HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde Halkara emeli aň sergisi robototehnikanyň ulanylyşynyň giň gerimini görkezýär

Mart 21, 2026 | 18:30 |4970
Çeşme: orient.tm

Pekin şäherinde geçirilen emeli aň we robototehnika boýunça innowasion ösüşleriň halkara sergisinde gündelik durmuşda, korporatiw ofislerde hem-de dürli pudaklardaky iş ýagdaýlarynda giňden ulanylýan emeli aň we robototehnika esasynda döredilen önümler görkezildi.

Çarşenbe güni Hytaýyň Halkara sergi merkezinde açylan çärä 200-den gowrak ýerli we daşary ýurt brendleri gatnaşyp, iň täze tehnologiýalaryny we önümlerini tanyşdyrdy.

Has gyzyklanma döreden eksponatlaryň arasynda saglyk ýagdaýyny yzarlap, keselleri irki tapgyrda anyklap bilýän akylly geýilýän enjamlary, ýokary derejede çeýe robotlaşdyrylan elleri, päsgelçilik zolagyndan geçip bilýän dört aýakly robotlary, şeýle hem tans edip bilýän we dürli öý işlerini ýerine ýetirýän adam şekilli robotlary görkezildi.

Kärhanalaryň işini goldamak we dolandyrmak üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan “Seeyon” kompaniýasy sergide “CoMi” atly täze emeli aň esasly hyzmatdaşlyk platformasyny tanyşdyrdy.

“Şu ýyl işe girizilen “CoMi” atly akylly agentimiz döwlet kärhanalary, döwlet edaralary we paýnamalary biržada söwda edilýän hususy kompaniýalar üçin niýetlenendir. Biz oňa “sanly işgär” diýýäris. Emeli aňyň mümkinçilikleri giňden ulanylsa-da, onuň kärhanalarda ulanylyşy henizem çäkli. Biz bu esasy meseläni çözmäge çalyşýarys. Emeli aň modeli çaga meňzeýär: hemmäniň agenti bar, emma esasy mesele ony nädip özüňiz üçin işleýän ulular derejesine ýetirmekdir. Hut şonuň bilen biz meşgullanýarys. Oňa yzygiderli maglumat bermeli, şonda ol ýolbaşçylara dolandyryşda we iş alyp barmakda kömek edip biler — onuň ösüşi hem hut şunda bolup geçýär”, diýip, “Seeyon” kompaniýasynyň marketing boýunça hünärmeni Çžan Lin aýtdy.

2023-nji ýylda döredilen Pekindäki “X-Humanoid” kompaniýasy Hytaýda bedenleşdirilen akylly robotlar boýunça doly tapgyrly ilkinji tehnologiýa kompaniýasydyr we ol esasy tehnologiýalara, önüm işläp taýýarlamaga hem-de şeýle robotlaryň ulanylyşyna üns berýär.

“X-Humanoid” kompaniýasynyň ählumumy marketing menejeri Týan Ýatszin çäräniň dowamynda olaryň dürli pudaklardaky kompaniýalar bilen adam şekilli robotlaryň mümkinçiliklerini synagdan geçirýändigini aýtdy. Şonuň üçin geljekde olary has köp ugurda ulanmak mümkin bolar.

“Biziň kompaniýamyz eýýäm logistika, gaýtadan işlemek we gaplamak, şeýle hem täjirçilik hyzmatlarynda — mysal üçin, dükanlarda we supermarketlerde ätiýäçlyklary gije-gündiz doldurmak we tekjeleri barlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy başlady. Şeýle hem biz pilotsyz, dolandyrýan gije-gündizleýin özbaşdak gezelençleri ösdürýäris we çärelere hem-de sergi zallaryna görkezmeler geçirýäris. Mundan başga-da, robotlar ýokary naprýaženiýe, güýçli elektrik işjeňligi, zäherli gazlar ýa-da kislorod ýetmezçiligi ýaly howply şertli pudaklarda ulanylyp bilner. Adam ömri gymmatly bolansoň, biz şeýle howply işleri ýerine ýetirmek üçin uzakdan dolandyrylýan robotlary ulanyp bileris”, — diýip ol aýtdy.

Şeýle hem gap-gaç ýuwmak, eşikleri ýygnamak ýaly öý işlerinden adamlary azat edip bilýän, şeýle-de çagalar we garrylar üçin gyzykly ýoldaş hem-de akylly kömekçi bolup hyzmat edýän adam şekilli emeli aňly robotlara uly gyzyklanma bildirilýär.

Robototehnikanyň çalt ösüşi netijesinde barha köp adam bu ugra we onuň çäksiz mümkinçiliklerine uly üns berýär. Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatyndan ýangyn gullugynyň işgäri Lýu Ýan iň soňky üstünlikleri görmek üçin bu sergä geldi. Ol ýakyn geljekde robotlaryň köp ugurlarda giňden ulanyljagyna ynanýar.

“Men robotlaryň geljekde, aýratyn-da garrylara ideg etmekde, öý hyzmatlarynda hem-de bilimde, esasan hem çagalary terbiýelemekde uly orny eýelär diýip, edýärin. Şeýle hem olar öý işlerinde kömek edip biler. Meniň pudagym — ýangyn howpsuzlygy boýunça hem robotlar köp ýagdaýlarda, şol sanda zawodlar we şahtalar ýaly howply ýerlerde gözegçilik etmekde peýdaly bolup biler. Hakykatdanam, ulanylyş mümkinçilikleri örän köp”, — diýip Lýu aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026