HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Daşary işler ministri: Hytay we Türkmenistan dostluk däplerini dowam etdirmeli we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaly

Mart 19, 2026 | 20:00 |4914
Çeşme: orient.tm

Sişenbe güni Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I Pekinde "Hytay we Türkmenistan öz dostlukly däplerini dowam etdirmeli, birek-biregi berk goldamaly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaly" diýip, belledi.

Wan I Hytaýa sapary wagtynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanyndaky wekiliýetiň düzüminde bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy Wan I türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý halkynyň öňden gelýän dostudygyny belledi. Iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasyndaky berk özara ynam we çuňňur dostluk gatnaşyklary iki döwletiň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň durnukly ösmegi üçin möhüm strategik ugry üpjün edýär diýip, Wan I aýtdy we taraplary döwlet Baştutanlary tarapyndan bellenilen dogry ýol bilen hytaý-türkmen gatnaşyklaryny yzygiderli öňe sürmäge çagyrdy.

Meredow Hytaýyň "Iki sessiýasynyň" şowly geçirilmegi bilen gutlady. Ol Türkmenistanyň Hytaý tarapyndan öňe sürlen dört sany ählumumy başlangyjy goldaýandygyny we "Hytaý – Merkezi Aziýa" üçünji sammitine bilelikde taýýarlyk görmekde hytaý tarapy bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026