HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bakuda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik saparlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

Mart 16, 2026 | 22:30 |9754
Baku şäheriniň Circus Sea Breeze arenasynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik saparlarynyň açylyş dabarasy geçirildiBaku şäheriniň Circus Sea Breeze arenasynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik saparlarynyň açylyş dabarasy geçirildi
Çeşme: orient.tm

Baku şäheriniň Circus Sea Breeze arenasynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik saparlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde meşhur Galkynyş topary giň gerimli “Gündogar sirki” atly sirk tomaşasyny hödürledi diýip, Trend Life habar berýär.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu taslama halklaryň arasynda nobatdaky köpri bolup, Turkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr.

Tomaşaçylara hakykatdan hem täsirli çykyşlar görkezildi: atlylaryň ajaýyp sazlaşygy, atlaryň üstünde ýerine ýetirilen çylşyrymly akrobatik tilsimler, güýçli dinamika hem-de artistleriň ýokary ussatlygy tomaşaçylary haýrana goýdy.

Wirtuoz akrobatik çykyşlar we ýokary derejeli at üstündäki tilsimler toparyň ýokary professional derejesini hem-de türkmen atçylyk sungatynyň köp ýyllyk däplerini aýratyn açyp görkezdi.

“Gündogar sirki” maksatnamasynda halkara derejeli akrobatlaryň, dürli žanrdaky artistleriň, klounlaryň çykyşlary, şeýle-de itleriň we maýmynlaryň gatnaşmagyndaky täsirli çykyşlar görkezildi. Her bir çykyş giň gerimi, dinamizmi we hakyky sirk baýramynyň ruhy bilen tapawutlandy. Tomaşaçylar çykyşlary gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

Agşamyň iň täsirli pursady Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň döwlet baýdaklaryny göteren atlylaryň dabaraly çykyş etmegi boldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny we barha ösýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny alamatlandyrdy.

Çykyşlara döwlet edaralarynyň we diplomatik korpusyň wekilleri bilen birlikde 400-den gowrak myhman gatnaşdy. Taslamanyň guramaçysy — ýokary sirk baýragynyň eýesi Allahwerdi Israfilow sirk sungatynyň diňe bir döredijilik däl, eýsem ýaş nesli goldaýan möhüm medeni-terbiýeçilik guraly bolup durýandygyny aýtdy. Nowruz baýramy mynasybetli ýörite aksiýa hem-de okuwçylar we mugallymlar üçin jemgyýetçilik başlangyjy hem geçirilýär. Tomaşalar 14-30-njy mart aralygynda dowam eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026