Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer


Mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda Türkmenistan hoşniýetli goşunçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda, ýurduň çagalaryna niýetlenen ynsanperwerlik kömegi berler.
Ynsanperwerlik çäresi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan guraldy. Ýüküň düzüminde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, beýleki önümler bar.
Bu ädim türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň dowamydyr. Şeýle başlangyçlar sebit durnuklylygynyň möhüm bölegine öwrülýär we halklaryň arasyndaky görünmeýän, emma berk ynam gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
Çagalara kömek bermäge aýratyn ähmiýet berilmegi Haýyr-sahawat gaznasynyň esasy wezipesini — kyn ýagdaýa düşen çagalara aladasyny görkezýär. Türkmenistan üçin Oraza aýynda goňşy döwlete berilýän şeýle goldaw çuňňur ruhy agzybirligiň we raýdaşlygyň alamatydyr.








