HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Koreýanyň «Diplomacy» žurnalynda Türkmenistanyň daşary syýasaty barada makala çap edildi

Mart 13, 2026 | 18:10 |7597
Koreýanyň öňdebaryjy «Diplomacy» žurnaly mart aýyndaky sanynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň alnyp barylyşy barada syn makalasyny çap etdiKoreýanyň öňdebaryjy «Diplomacy» žurnaly mart aýyndaky sanynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň alnyp barylyşy barada syn makalasyny çap etdi
Çeşme: orient.tm

Koreýanyň öňdebaryjy «Diplomacy» žurnaly mart aýyndaky sanynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň alnyp barylyşy barada syn makalasyny çap etdi. Makala Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen taýýarlanyp, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astyndaky geçen ýylyň jemlerine bagyşlandy.

Neşirde Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, dialogy ösdürmek hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerini öňe sürmek boýunça başlangyçlary seljerilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagtynda ýokary derejeli halkara forumyň geçirilendigi bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşmaklary Aşgabadyň dünýä howpsuzlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara meýdança hökmünde ornuny pugtalandyrýan möhüm faktor hökmünde görkezilýär.

Žurnalda döwlet Baştutanynymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmagyna hem aýratyn üns berilýär. Şol ýerde Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygyň we hemişelik bitaraplygyň ýörelgelerine ygrarlylygy tassyklanyldy.

Makalada aýratynlykda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň geçirilendigi hem bellenilýär. Türkmenistanyň bu çäräni kabul edýän ýurt hökmünde saýlanylmagy neşirde ýurduň ulag arabaglanyşygyny we logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça edýän tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi hökmünde baha berilýär.

Makalada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem üns çekilýär. Ýokary derejeli gepleşikler tehnologik, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açdy. Amaly netijeleriň hatarynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ilkinji göni ýolagçy uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagy hem görkezilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026