HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagy ýyllyk mejlisini jemledi

Mart 13, 2026 | 16:26 |803
Çeşme: orient.tm

Hepdäniň penşenbe güni Pekin şäherindäki Halkyň Uly Zalynda, Hytaýyň ýokary kanun çykaryjy edarasy bolan Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň dördünji mejlisi öz işini jemledi.

Jemleýji mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin, şeýle hem partiýa we döwlet ýolbaşçylary gatnaşdy.

Halk wekilleri hökümetiň iş hasabatyny hem-de ýurduň ykdysady we durmuş ösüşi boýunça 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň iş meýilnamasyny tassykladylar. Şeýle hem Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça kodeks, Etniki bitewilik we ösüşi öňe sürmek baradaky kanun hem-de Milli ösüş meýilnamasy baradaky kanun kabul edildi.

Mejlisde 2025-nji ýyl üçin milli ykdysady we durmuş ösüş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky kararnama kabul edilip, 2026-njy ýyl üçin degişli meýilnama hem tassyklandy. Şeýle hem, 2025-nji ýylyň býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky kararnama kabul edilip, 2026-njy ýyl üçin merkezi býujet tassyklandy.

Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň, Ýokary Halk Kazyýetiniň we Ýokary Halk Prokuraturasynyň iş hasabatlary boýunça kararnamalar kabul edildi.

Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Çao Leszi mejlisiň ýapylyşynda çykyş etdi. Şu ýylky mejlis 5-nji martda öz işine başlapdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026