HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň ýyllyk mejlisi öz işini jemledi

Mart 13, 2026 | 16:25 |754
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň ýokary kanun çykaryjy edarasy bolan Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň dördünji mejlisi hepdäniň penşenbe güni Pekinde öz işini jemledi.

Ýapylyş mejlisine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem-de partiýa we döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Pekin şäherindäki Halkyň Uly Zalynda geçirilen mejlise Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Çao Leszi ýolbaşçylyk etdi. Bu jemleýji mejlise 2762 sany halk wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde hökümetiň iş hasabaty hem-de ýurduň ykdysady we durmuş ösüşi boýunça 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň iş meýilnamasy tassyklandy. Şeýle hem Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça kodeksi, Etniki bitewilik we ösüşi öňe sürmek baradaky kanun hem-de Milli ösüş meýilnamasy baradaky kanun kabul edildi.

Halk wekilleri 2025-nji ýylyň ösüş maksatnamasynyň ýerine ýetiriliş hasabatyny hem-de 2026-njy ýyl üçin meýilnamany, şeýle hem 2025-nji ýylyň býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty makullap, 2026-njy ýyl üçin merkezi býujeti tassykladylar. Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň, Ýokary Halk Kazyýetiniň we Ýokary Halk Prokuraturasynyň iş hasabatlary kabul edildi.

Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň şu ýylky mejlisi 5-nji martda öz işine başlapdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026