HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý ýokary berklikli uglerod süýümini işläp taýýarlady

Mart 12, 2026 | 16:40 |5009
Çeşme: orient.tm

Hytaý ýokary berklikli uglerod süýümini işläp taýýarladyHepdäniň çarşenbe güni Hytaýda özbaşdak işlenip taýýarlanan, ýokary berkligi bolan uglerod süýümi köpçülige tanyşdyryldy. Bu täzelik ýurduň ösen materiallar pudagynda möhüm öňegidişligi alamatlandyryp, dünýä bazaryndaky ýetmezçiligi aradan aýyrýandyr.

T1200 derejeli uglerod süýüminiň diametri adam saçynyň diametrinden on esse inçe bolup, onuň çekiş berkligi adaty polatdan 10 esse töweregi ýokarydyr. Bu uglerod süýüminiň dykyzlygy poladyň dykyzlygynyň diňe dörtden bir bölegine deňdir.

Täze material Hytaýyň Milli gurluşyk materiallary topary tarapyndan işlenip taýýarlanyp, häzirki wagtda barlaghana – synag derejesinden geçip, senagat möçberinde öndürilip başlandy. Şeýlelikde, Hytaý bu derejeli uglerod süýümini ýüzlerçe tonna möçberinde köpçülikleýin öndürmegi başaran ilkinji ýurt boldy.

Ýokary tehniki aýratynlyklary bolan bu materialyň adam şekilli robotlarynda, älem senagatynda hem-de täze ösdürilýän pes beýiklik ykdysadyýetinde we beýleki strategik ugurlarda giňden ulanylmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026