HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýada müňlerçe ýazyjy awtorlyk hukugyny goldamak üçin “boş kitap” çykardy

Mart 12, 2026 | 16:00 |4636
Beýik Britaniýadan takmynan 10 müň töweregi ýazyjy, şol sanda Kadzuo Isiguro we Filippa Gregori, intellektual eýeçiligi goramak maksady bilen giň gerimli aksiýa geçirdilerBeýik Britaniýadan takmynan 10 müň töweregi ýazyjy, şol sanda Kadzuo Isiguro we Filippa Gregori, intellektual eýeçiligi goramak maksady bilen giň gerimli aksiýa geçirdiler
Çeşme: newsbytesapp.com

Beýik Britaniýadan takmynan 10 müň töweregi ýazyjy, şol sanda Kadzuo Isiguro we Filippa Gregori, intellektual eýeçiligi goramak maksady bilen giň gerimli aksiýa geçirdiler. Olar “Don’t Steal This Book” («Bu kitaby ogurlama») atly kitaby neşir etdiler. Kitap diňe taslama gatnaşan awtorlaryň atlarynyň sanawyndan ybarat.

Taslamanyň esasy maksady emeli aňyň (AI) öwredilmeginde edebi eserleriň ulanylmagynyň düzgünleri barada jemgyýetçilik dialogyny başlatmakdan ybaratdyr. Awtorlar neýro torlaryň öz eserlerini döredijileriň göni rugsady bolmazdan ulanýandygyna alada bildirýärler. Ýazyjylar tehnologik kompaniýalar bilen gatnaşyklary aç-açan düzgünler arkaly alyp barmagy hem-de sanly giňişlikde gyzyklanmalaryň deňagramlylygyny saklamagy talap edýärler.

Bu aksiýanyň sebäbi hökmünde britan kanunçylygyna teklip edilýän üýtgetmeler görkezilýär. Teklip edilýän düzedişler awtor açyk garşy çykmadyk ýagdaýynda AI kompaniýalarynyň goragly maglumatlara elýeterliligini ýeňilleşdirip biler. Döredijilik jemgyýeti döwlet derejesinde intellektual zähmeti has berk goramak zerurdygyny belleýär.

Emeli aňy düzgünleşdirmek meselesi eýýäm hukuk meýdanyna çykdy. Mysal üçin, 2025-nji ýylda Anthropic amerikan kompaniýasy awtorlaryň toparlaýyn arzasy boýunça dawany düzgünleşdirmek üçin 1,5 milliard dollar töledi. Geçirilen "Boş kitap” aksiýasy innowasiýalaryň ösüşiniň bazaryň ähli gatnaşyjylarynyň bähbitlerini göz öňünde tutýan anyk hukuk binýadynyň döredilmegi bilen utgaşmalydygyny görkezýän möhüm duýduryş boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026