HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý 2026-njy ýylda goranmak býujetini 1.94 trillion ýuana çenli ýokarlandyrdy

Mart 12, 2026 | 03:30 |4827
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň 2026-njy ýyl üçin goranmak boýunça býujeti 1 trillion 940 milliard ýuana deň bolup, bu görkeziji 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6.9 göterim ýokarlandy. Merkezi hökümetiň bu ugur boýunça çykdajylary 1 trillion 910 milliard ýuana ýetip, 7 göterim artdy diýip, Hytaýyň Milli azat ediş goşunynyň metbugat wekili Çžan Sziaogan sişenbe güni habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Hytaý hökümeti milli goranyşy pugtalandyrmak bilen ykdysady ösüşi utgaşykly alyp barmak ýörelgesine eýerýär. Goranyş çykdajylarynyň yzygiderli ýokarlanmagy ýurduň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny hem-de ösüşi we milli bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

Halk wekilleriniň umumymilli ýygnagy tarapyndan seredilip, tassyklanan býujet dört sany esasy ugra gönükdirilendir, ýagny goşunlary döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gurplandyrmak, maglumat üpjünçiligni we intellektual ösüşi güýçlendimek; bilelikdäki harby amallar ulgamyny kämilleşdirmek; öňdebaryjy ýaraglaryň we harby tehnologiýalaryň önümçiligini tizleşdirmek; şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak we üpjünçilik ulgamyny gowulandyrmak.

Çžan Sziaogan bu çykdajylaryň milli özygtyýarlylygy pugtalandyrmak hem-de ösüş bähbitlerini goramak üçin strategik mümkinçilikleri artdyrjakdygyny, şeýle hem milli goranmak ulgamyny we ýaragly güýçleri döwrebaplaşdyrmaga itergi berjekdigini aýtdy.

Ol şeýle hem goranmak býujetiniň dolandyrylyşynda geçirilýän özgertmeleriň, serişdeleriň netijeli ulanylmagyny üpjün etjekdigini belledi. Onuň sözlerine görä, “her bir serişde iň ýokary netijäni gazanmak üçin paýhasly sarp edilmelidir”. Goranmak býujeti Milli goranyş baradaky kanuna we Býujet baradaky kanuna laýyklykda dolandyrylýar, onuň umumy möçberi bolsa her ýyl açyk görnüşde yglan edilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026