HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Günorta Koreýanyň raýatlaryň bir topary, şol sanda meşhur türgenler, Eýrandan Türkmenistana ewakuasiýa edildi

Mart 04, 2026 | 20:20 |9541
Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi bilen, Türkmenistan sebitiň ynsanperwer merkezi hökmünde öz ornyny berkitmegini dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 3-nji martynda Koreýa Respublikasynyň 23 raýatyndan ybarat topar, şol sanda meşhur türgenler, eýran-türkmen serhedinden sag-aman geçip, Aşgabada geldiÝakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi bilen, Türkmenistan sebitiň ynsanperwer merkezi hökmünde öz ornyny berkitmegini dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 3-nji martynda Koreýa Respublikasynyň 23 raýatyndan ybarat topar, şol sanda meşhur türgenler, eýran-türkmen serhedinden sag-aman geçip, Aşgabada geldi
Çeşme: Chosunilbo

Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi bilen, Türkmenistan sebitiň ynsanperwer merkezi hökmünde öz ornyny berkitmegini dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 3-nji martynda Koreýa Respublikasynyň 23 raýatyndan ybarat topar, şol sanda meşhur türgenler, eýran-türkmen serhedinden sag-aman geçip, Aşgabada geldi.

Günorta Koreýanyň diplomatik edarasy tarapyndan guralan ewakuasiýa çylşyrymly şertlerde amala aşyryldy. Watandaşlary getirýän awtobuslar Tährandan gündogar serhetlerine çenli ýoly söküp, bir gijä-gündizden gowrak wagt ýolda boldular.

Türkmenistana gelenleriň arasynda koreý sportunyň görnükli şahsyýetleri bar: Eýranyň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Li Do Hi we professional liganyň futbolçysy Li Ki Je. Olar üçin, toparyň beýleki agzalary üçin bolşy ýaly, Türkmenistan bilen serhetden geçilmegi ýoluň iň dartgynly tapgyrynyň tamamlanmagy boldy.

Aşgabatda ewakuasiýa edilen raýatlara zerur bolan logistik goldaw berildi. Deslapky maglumatlara görä, 4-nji martda topar Türkmenistanyň paýtagtynyň halkara howa menzilinden Seula ýa-da üçünji ýurtlara ugrar.

Türkmenistan durnuklylygyň çägi hökmünde

Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, indi bolsa Günorta Koreýanyň raýatlarynyň Eýrandan Türkmenistan arkaly üstünlikli ewakuasiýa edilmegi baradaky habarlar, Türkmenistanyň serhet we migrasiýa gulluklarynyň işiniň netijeliligini tassyklaýar.

Sebitdäki goşnulyrynyň yzy bilen, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi hem öz raýatlaryna öýlerine dolanmak üçin Türkmenistanyň çägini ileri tutulýan ugur hökmünde ulanmagy resmi taýdan maslahat berdi. Gyrgyzystan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, 2-nji martdan başlap ewakuasiýa üçin türkmen-eýran serhedindäki esasy nokatlar açyldy: «Sarahs» we «Artyk» barlag-göýberiş nokatlary umumy raýat pasporty bolan ähli Gyrgyzystan raýatlary üçin açyk. «Bajygyran» geçelgesi bolsa diňe diplomatik pasporty bolanlar üçin niýetlenendir.

Gyrgyzystanyň DIM-i bu geçiş nokatlarynyň işiniň ýola goýulmagynyň türkmen tarapynyň dessin goldawy netijesinde mümkin bolandygyny aýratyn belledi. Gyrgyz Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy watandaşlary garşylamak we olaryň türkmen paýtagtynyň halkara howa menzili arkaly üstaşyr geçmeklerine mundan beýläk-de kömek bermek üçin ýokary taýýarlyk düzgünine geçirildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi sebitdäki durnuksyzlyk şertlerinde ýurdy ygtybarly ynsanperwer köprüsine öwürmek bilen, özüniň iş ýüzündäki ähmiýetini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026