Luwr özgertmeleriň bosagasynda: Kristof Leribo muzeýiň giň gerimli täzelenişine ýolbaşçylyk eder


Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Luwryň täze direktory wezipesine muzeý dolandyryşy boýunça iň abraýly bilermenleriň biri bolan Kristof Leribony belledi. Täze ýolbaşçynyň öňünde dünýäniň iň köp barylýan muzeýiniň taryhyndaky iň uly döwrebaplaşdyryş meýilnamasyny amala aşyrmak ýaly uly wezipeler dur.
Kristof Leribonyň bellenilmegi Luwr muzeýiniň taryhynda täze sahypany açýar. 62 ýaşly hünärmen örän baý tejribä eýedir: ol öň Wersal köşgüne, Orse muzeýine hem-de Pti-Pale üstünlikli ýolbaşçylyk etdi. Gyzykly tarapy, 2006-njy ýylda Leribo eýýäm Luwrda işläp, grafika sungaty bölümini dolandyrdy. Onuň has ýokary wezipä dolanyp gelmegi bilermenler tarapyndan muzeýiň durnukly ösüşine gönükdirilen ädim hökmünde baha berilýär.
Täze direktoryň işiniň esasy ugruny döwlet derejesindäki “Luwr — Täze Renessans” atly meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi emele getirer. 800 million ýewro möçberindäki täsirli býujete eýe bolan bu taslama infrastrukturanyň doly täzelenmegini göz öňünde tutýar. Meýilnama Sena derýasynyň tarapyndan täze dabaraly girişiň gurluşygyny we ýerasty giňişlikleriň giň gerimli täzeden guralmagyny öz içine alýar. Munuň maksady gelýän myhmanlar üçin amatly we howpsuz şertleri döretmekdir.
Şeýle hem howpsuzlyk ulgamlaryny kämilleşdirmek we işgärleriň zähmet şertlerini gowulandyrmak aýratyn üns merkezinde bolar. Fransiýanyň Medeniýet ministrligi Leribonyň baý dolandyryş tejribesiniň dünýä sungatynyň baş hazynalarynyň biriniň derejesine laýyk öňdebaryjy howpsuzlyk standartlaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belleýär.
Halkara jemgyýetçiligi we millionlarça syýahatçylar üçin bu bellenilme Luwryň has açyk, döwrebap we goragly medeni merkez bolmaga ymtylýandygyny görkezýär. Döwrebaplaşdyryş diňe bir muzeýiň diwarlaryny däl, eýsem myhmanlar bilen gatnaşygyň täze düşünjesini hem öz içine alar we sungatyň geljek nesiller üçin goralmagyny üpjün eder.
ORIENT








