HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Remezan aýynda ruhy jebislik – Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda agzaçar

Fewral 24, 2026 | 19:25 |5907
Duşenbe güni Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň ajaýyp binasynyň öňüne köp sanly awtoulaglar we adamlar ýygnandy. Bu ýerde “iftar” geçirildi – musulmanlaryň agyz bekleýän döwründe agşamky nahara arap dilinde şeýle atlandyrylýarDuşenbe güni Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň ajaýyp binasynyň öňüne köp sanly awtoulaglar we adamlar ýygnandy. Bu ýerde “iftar” geçirildi – musulmanlaryň agyz bekleýän döwründe agşamky nahara arap dilinde şeýle atlandyrylýar
Çeşme: orient.tm

Duşenbe güni Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň ajaýyp binasynyň öňüne köp sanly awtoulaglar we adamlar ýygnandy. Bu ýerde “iftar” geçirildi – musulmanlaryň agyz bekleýän döwründe agşamky nahara arap dilinde şeýle atlandyrylýar.

Adatça, mundan başga çäreleriň geçirilýän ýerleri dürli bezeg serişdeleri bilen bezelýär, emma meniň ünsümi şu aşakdaky plakat çekdi:

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan.jpg

Plakatdaky ýazgy iňlis we arap dillerinde ýazylypdyr we terjime ediniňde «Esaslandyrylanymyzdan bäri geçen ýyllar: Taryha daýanyp, geljegi ynamly gurýarys» diýen manyny berýärdi. Gysga, emma manyly tekstiň ýokarsynda bolsa – «299» diýen san bardy, bu bolsa birinji Saud döwletiniň esaslandyrylandan gününden bäri geçen ýyllaryny aňladýardy.

Biraz taryha ser salsak: 1727-nji ýylda ymam Muhammad ibn Saud Diriýa şäherinde birinji Saud döwletini esaslandyrdy we her ýylyň 22-nji fewralynda bellenilýän bu senäniň hormatyna guralýan baýrama saudlylar “Esaslandyrylan gün” diýip atlandyrýarlar. Şu ýyl Patyşalyk bu wakanyň 299-njy ýyllygyny belleýär. Bu bolsa geljek ýyl belleniljek 300 ýyllyk uly ýubileýiň öňüsyrasyndaky möhüm menzildir.

Sanyň aşagyndaky — «Taryha daýanyp, geljegi ynamly gurýarys» — diýen sözler köpasyrlyk däp-dessurlar bilen ýurduň «Garaýyş 2030» maksatnamasynda bellenilen döwrebap we uly maksatly ösüş meýilnamalarynyň arasyndaky baglanyşygy nygtaýar. Bu Maksatnama bolsa diňe bir resminama däl-de, eýsem Saud Arabystany tarapyndan 2016-njy ýylda mirasdüşer şahzada Muhammed bin Salmanyň başlangyjy bilen işe girizilen milli ösüşiň giň gerimli strategiýasydyr.

Has ýönekeý dilde aýdylanda – bu ýurduň diňe nebit satuwynyň garaşlylygyndan dynmagy üçin 2030-njy ýyla çenli nähili üýtgemelidigi baradaky uzak möhletleýin meýilnamadyr. Onuň üç sany esasy sütün bar – Gülleýän jemgyýet! Kuwwatly ykdysadyýet! Maksada okgunly millet!

Indi bolsa esasy temamyza dolanalyň.

Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynda geçirilen agyzaçar (iftar) dabarasyna diplomatik korpusyň ýolbaşçylary we wekilleri (şol sanda musulman däl ýurtlardan hem), halkara guramalaryň, şu dostlukly ýurduň hyzmatdaşlary bilen işleýän ýerli kompaniýalaryň wekilleri, türkmen dostlary we beýleki köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan (1).jpg

Türkmenistan tarapyndan bu çärä müfti Ýalkap Hojagulyýew gatnaşdy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri her bir myhmany hut özi garşylap, her bir musulman üçin mukaddes ruhy waka bolan agyzaçara gatnaşandyklary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

Yslamyň ýoly bilen ýöreýänler üçin agyzaçar – diňe bir bilelikde naharlanmak däl-de, eýsem möhüm ruhy we jemgyýetçilik wakasydyr. Bu dessur günuzyn dowam eden agyz beklemekden soňra bedeniň kuwwatyny dikeltmek bilen ruhy täzelenmegi özünde jemleýär. Ol yslamyň minnetdarlyk, sabyr-kanagatlylyk, rehimdarlyk we jemgyýetiň agzybirligi ýaly iň gymmatly ahlak sütünlerini alamatlandyrýar.

Mukaddes Remezan (Oraza) aýynda berilýän agyzaçaryň musulmanlar üçin aýratyn ähmiýeti bar.

Eýsem, näme üçin musulmanlar bu senenama döwrüni mukaddes hasaplaýarlar?

Yslam taglymatyna görä, hut Remezan aýynda Muhammet pygambere Gurhan indirildi. Ýagny 610-njy ýylda, 40 ýaşly pygamberimize Mekgäniň golaýyndaky gowakda Jebraýyl perişde Gurhanyň ilkinji aýatlaryny gowşurdy: «Ýaradan Perwerdigäriň ady bilen oka! Ol ynsany lagta gandan ýaratdy. Oka! Seniň Perwerdigäň iň uly sahylygyň eýesidir...» (Gurhan, «Al-Alak» süresi, 1-3-nji aýatlar).

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan (2).jpg

Şonuň üçin hem bu wagtyň ruhy taýdan päklenmek we kämilleşmek üçin iň amatly döwürdigine ynanylýar. Bu döwür — Alla tarapdan indirilen aýratyn bereketleriň, sogaply işler üçin berilýän sylaglaryň köpelýän, şeýle hem ehim-şepagatlylygyň wagtydyr.

Mundan başga-da, musulmanlar hut şu Remezan aýynda beýleki dünýä dinlerinde uly hormat goýulýan pygamberlere hem açyşlaryň indirilendigine tüýs ýürekden ynanýarlar. Mysal üçin, Musa pygambere (Bibliýada Moiseý) Töwrat, Dawut pygambere (Bibliýada Dawid) Zebur kitaby, Isa pygambere (Iisus) bolsa Injil indirilipdir.

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan (3).jpg

Agyzaçar wagty naharlanmak gün ýaşandan soň dessine başlanýar. Köplenç agyz açylanda täk sanly hurma we ýönekeý suw bilen başlanylýar. Bu däp agyz açmagy hut şu usulda başlan Muhammet pygamberiň sünnetinden gelip çykýar.

Şeýle hem, elbetde, arap halkynyň onsuz durmuşyny göz öňüne getirip bolmaýan aýratyn usulda taýýarlanan kofe hödürlenýär. Eger hurma ýok bolsa, agyz açmak süýji bir zat ýa-da diňe suw bilen başlanýar. Häzirki zaman lukmançylygy nukdaýnazaryndan bolsa, bu usul bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň asuda we kadaly işlemegine ýardam edýär.

Soňra agşam namazy okalýar we diňe şundan soňra dindarlar doly agşam naharyna başlaýarlar. Emma şeýle ýagdaýlarda yslam taglymaty, tutulan orazanyň peýdasyny ýitirmezlik üçin, öz yzyna eýerijilerine aşa köp iýmekden saklanmagy ündeýär.

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan (4).jpg

Agşam naharyna myhmanlary (şol sanda başga dine ynanýan adamlary hem) çagyrmak sogap iş hasaplanýar. Mätäçlere hemaýat etmek we olary naharlamak bolsa mertebeli iş hem-de Asmanyň çäksiz bereketi hökmünde kabul edilýär.

Musulman orazasy yslamyň bäş sütüniniň biridir, ol ruhy daýanç bolup, onsuz imanyň binasy durnukly bolup bilmez. Remezan aýyndaky orazadan başga-da, bu sütünlere: Hudaýyň birdigine şaýatlyk etmek, bäş wagt parz namazyny okamak, mätäçlere zekat-sadaka bermek we Mekgä haj zyýaratyny amala aşyrmak degişlidir.

Ýeri gelende aýtsak, sişenbe güni Mekkegen yzyna dolanyp gelýän zyýaratçylaryň uly bir toparyny öz içine alýan uçar Aşgabada geldi. Mekgede yslamyň esasy mukaddesligi bolan Käbe ýerleşýär. Onuň içinde bolsa al-Haram metjidiniň içki bar. Musulmanlar Käbäniň ýeke-täk Hudaýa ybadat etmek üçin gurlan ilkinji mukaddes ýerdigine ynanýarlar.

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan (5).jpg

Saud Arabystanynyň ilçihanasyndaky agşam nahary wagtynda uly ekranda Mekge-den göni ýaýlym görkezildi. Myhmanlar yslamyň ruhy merkezi bolan Käbäniň diwarlarynyň ýanynda namaz okaýan adamlar bilen dolup-daşýan al-Haram metjidini uly hormat bilen synladylar. Biziň ildeşlerimiziň arasyndaky türkmen zyýaratçylary hem, däbe görä, haj döwründe bu iki mukaddes ýere — al-Haram metjidine we Käbä zyýarat etdiler.

Yslama çenli Käbäniň dürli hudaýlaryň butlarynyň ýerleşip, arap taýpalarynyň ybadathanasy bolandygy mälimdir. Emma 630-njy ýylda Muhammet pygamber Käbäni butlardan arassalap, bir hudaýlylyk däbini dikeltdi. Bu ädim butparazlyga we buta çokunýanlara garşy göreşiň nyşanydyr — bu pikir beýleki dünýä dinlerinde uly hormat goýulýan pygamberleriň amallarynda hem öz beýanyny tapypdyr.

Mysal üçin, Injil pygamberi Ybraýym pygamber (yslam däbinde Ibrahim) hem hut şeýle hereket edipdir, şeýle-de Isa pygamber (Gurhanda — Isa pygamber, Injilde — Iisus Hristos) Hudaýyň ybadathanasyndan söwdagärleri we pul çalyşýanlary kowup çykarypdyr.

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan (6).jpg

Şu günki günde Käbe (onuň maketi ilçihananyň girelgesinde hem goýlupdyr) bütin dünýäniň musulmanlaryny birleşdirýär. Haýsy milletden, haýsy dilden ýa-da haýsy ýurtdan bolandygyna garamazdan, olaryň hemmesi bir tarapa öwrülip namaz okaýarlar we ömründe iň bolmanda bir gezek mukaddes ýere haj zyýaratyny etmäge çalşýarlar.

Asyrlaryň dowamynda türkmen halky özüniň sabyrlylygy we asyllylygy bilen tanalypdyr. Gadymy döwürlerde-de häzirki Türkmenistanyň çäginde ýaşan dürli dinleriň wekilleri doly agzybirlikde ýaşapdyrlar. Arheologik gazuw-agtaryş işleri wagtynda bir-birine golaý ýerleşen hristian buthanasynyň, musulman metjidiniň we budda galyndylarynyň tapylmagy munuň subutnamasydyr.

Şu günki günde hem Türkmenistanda dürli konfessiýalaryň wekilleri parahatçylykda ýaşaýarlar. Bu ýerde hristianlar – prawoslawlar we katolikler, musulmanlar – sunnitler we şyýalar, şeýle hem beýleki dinlere uýýanlar bar.

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan (7).jpg

Saud Arabystanynyň ilçihanasyndaky agyzaçar diňe bir duşuşyk bolman – ol hakyky imanyň ýagşylykda we ýakynyňa goýulýan hormatda jemlenýändigini biziň hemmämiziň ýadymyza saldy. Ol rehimdarlyk, myhmanparazlyk we özara hormat goýmak ýaly ruhy gymmatlyklaryň dürli medeniýetleriň hem-de dinleriň adamlaryny birleşdirýändigini, mukaddes Remezan aýynyň bolsa özara düşünişmegiň aýratyn möhüm bolan häzirki döwründe bu gatnaşyklary berkitmek üçin ajaýyp pursatdygyny görkezdi.

Bu agşam dinara dialogyň nähili möhümdigini aýdyň subut etdi. Ol gatnaşanlaryň ählisine ruhy ylham berdi. Umumy ahlak kadalarynyň daşky tapawutlardan has güýçlidigini we rehimdarlyk däpleriniň adamlary dinine garamazdan birleşdirýändigini ýene bir gezek ýatlatdy.

Eýsem, dürli dinleriň pygamberleri hem bize şuny wesýet etmändirlermi?

Bekdurdy AMANSARYÝEW

iftar-saudi-embassy-ashgabat-ramadan (8).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026