HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bursa dünýä oba hojalyk tehnologiýalarynyň merkezine öwrüler: AGROGREEN 2026 sergisi

Fewral 20, 2026 | 15:05 |4104
2026-njy ýylyň 14-17-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň Bursa şäherinde uly halkara AGROGREEN sergisi geçiriler2026-njy ýylyň 14-17-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň Bursa şäherinde uly halkara AGROGREEN sergisi geçiriler
Çeşme: bursatarimfuari.com.tr

2026-njy ýylyň 14-17-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň Bursa şäherinde uly halkara AGROGREEN sergisi geçiriler. Bu çäre oba hojalygy, maldarçylyk we ýyladyşhana tehnologiýalary ugrundaky üstünlikleriň esasy görkezijisi bolup, bütin dünýäden öndürijileri we hünärmenleri bir ýere jemlär.

Sergi Bursa Exhibition Center merkezinde 140 000 m² meýdanda guralar. 2025-nji ýyldaky üstünlikli tejribä (sergä 77 ýurtdan 247 müňden gowrak hünärmen gatnaşypdy) daýanyp, guramaçylar 2026-njy ýylda halkara gatnaşygy has-da giňeltmegi maksat edinýär. Gatnaşyjylar iň täze oba hojalyk tehnikalary, suwaryş ulgamlary, ekologik taýdan arassa ekerançylyk çözgütleri we maldarçylyk üçin döwrebap enjamlar bilen tanyşyp bilerler.

AGROGREEN 2026 sergisiniň esasy aýratynlyklarynyň biri, Alyjylar Komiteti bilen işlemekdir. Guramaçylar import mümkinçiliklerine eýe bolan ýokary taýýarlykly daşary ýurt hyzmatdaşlaryny işjeň gözleýärler. Şeýle wekiller üçin aýratyn şertler göz öňünde tutulýar:

• Myhmanhanada mugt ýerleşdirme.

• Howa menzilinde geliş-gidiş üçin ulag.

• Türk öndürijileri bilen gönüden-göni şertnama baglaşmak üçin maksatlaýyn B2B gepleşiklerini gurama.

Bursa Türkiýäniň oba hojalygy boýunça öňdebaryjy sebitleriniň biridir. Sergä gatnaşmak hünärmenlere öňdebaryjy tejribeden peýdalanmaga, bilim alyşmaga we önümleri göni ýerinde satyn almaga mümkinçilik berýär: tohum we nahallardan başlap, ýokary tehnologiýaly ferma awtomatlaşdyryş ulgamlaryna çenli.

Alyjylar Komitetiniň maksatnamasyna gatnaşmak isleýän kompaniýalar resmi myhman sanawyna goşulmak üçin öz maglumatlaryny (kompaniýanyň ady, ýolbaşçynyň doly F.A.Aa, telefon belgisi we e-mail) guramaçylara bermelidir.

Giňişleýin maglumatlar bursatarimfuari.com.tr web sahypasynda elýeterli

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026