HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Super Mario gaýdyp gelýär: "Galaktiki kino" 2026-njy ýylyň aprelinde!

Fewral 21, 2026 | 15:15 |4814
Biz hemmämiz Nintendo oýun konsollarynda millionlaryň ýüregini eýelän meşhur oýunçy gahryman Mariony ýatlaýarys we söýýäris. Onuň başdan geçirmeleri, batyrlygy we degişme duýgysy ony hakyky oýun medeniýetiniň nyşanyna öwürdi, indi bolsa ol täze animasion blokbasterde uly ekrana gaýdyp gelýärBiz hemmämiz Nintendo oýun konsollarynda millionlaryň ýüregini eýelän meşhur oýunçy gahryman Mariony ýatlaýarys we söýýäris. Onuň başdan geçirmeleri, batyrlygy we degişme duýgysy ony hakyky oýun medeniýetiniň nyşanyna öwürdi, indi bolsa ol täze animasion blokbasterde uly ekrana gaýdyp gelýär
Çeşme: YouTube

Biz hemmämiz Nintendo oýun konsollarynda millionlaryň ýüregini eýelän meşhur oýunçy gahryman Mariony ýatlaýarys we söýýäris. Onuň başdan geçirmeleri, batyrlygy we degişme duýgysy ony hakyky oýun medeniýetiniň nyşanyna öwürdi, indi bolsa ol täze animasion blokbasterde uly ekrana gaýdyp gelýär.

"Super Mario: Galaktiki kino" atly animasion film 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde ABŞ-nyň prokatyna çykar. Bu, 2023-nji ýylda çykan üstünlikli "Super Mario doganlar kinoda" filminiň dowamy bolup, Mettýu Fogel ssenarisi boýunça ýene-de Aaron Horwat we Maýkl Ýelenik tarapyndan režissýorlyk edildi.

Filmde birinji bölümden öz keşplerine Kris Prett, Anýa Teýlor-Joý, Çarli Deý, Jek Blek, Kigan-Maýkl Keý we Kewin Maýkl Riçardson gaýdyp gelýärler. Olara Benni Safdi we Bri Larson goşulyp, täze gahrymanlara täzeçil dinamikany we häzirki zaman özüne çekijiligi goşýarlar.

Taslama "Illumination" studiýasy tarapyndan "Nintendo" bilen hyzmatdaşlykda döredilýär we paýlanyşygy "Universal Pictures" amala aşyrýar. Täze film seriýanyň janköýerlerini-de, tomasacylaryň täze neslini-de begendirjek janly wizual effektleri, dinamiki başdan geçirmeleri we komediýa ýagdaýlaryny wada berýär.

Täzelenmeleri yzarlaň: Super Marionyň gaýdyp gelmegi bilen gyzykly başdan geçirmeleriň täze sahypasy başlaýar — "Galaktiki kino" 2026-njy ýylda animasiýa we kino dünýäsinde esasy wakalardan biri bolmagy wada berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026