HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär

Fewral 17, 2026 | 21:33 |5534
16-18-nji fewral aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi. Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy16-18-nji fewral aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi. Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy

16-18-nji fewral aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi. Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy.

16-njy fewralda TÜRKSOÝ-iň binasynda Türkmenistanyň Kino günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany», şeýle hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Türkiýäniň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal alymlar we edebiýatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

ТЮРКСОЙ конференция Дни туркменского кино

Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow maslahatdaky çykyşynda, 2026-njy ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýändigini, täze üstünliklere ymtylmagyň nyşany bolup hyzmat edýändigini hem-de milli medeniýetiň we sungatyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew öz çykyşynda, kinematografiýanyň taryhy-medeni mirasy gorap saklamakda, jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny berkitmekde hem-de türkmen halkynyň baý medeniýetini halkara giňişliginde şöhlelendirmekde möhüm ornuny nygtady.

Maslahatyň dowamynda «Türkmenfilm» birleşiginiň dörediliş taryhyny we ösüşiniň esasy tapgyrlaryny beýan edýän filmler görkezildi, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlileri barada dokumental film görkezildi.

Şol gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän «Magtymguly Pyragy» ylmy-barlag merkeziniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Анкаре Дни туркменского кино

Mejlisiň dowamynda Ahal-teke atlaryna - Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanan «At-Myrat» atly filmi görkezildi.Mejlisiň döwamyndaky çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmegiň we wagyz etmegiň türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň ruhy binýady hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistanyň Kino günleriniň esasy wakasy 17-nji fewralda Ankaranyň Yaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde geçirilen «Kompozitor» atly çeper filminiň dabaraly görkezilişi boldy. Görkezişe Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Ankara şäher häkimliginiň wekilleri hem-de köp sanly kino muşdaklary gatnaşdylar.

Film görkezilişiniň öňüsyrasynda medeni merkezde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» bagyşlanan fotosergisi guraldy.

Анкаре Дни туркменского кино

Film görkezilişinde çykyş eden TÜRKSOY-nyň Baş sekretary Sultan Raýew Türkmenistanyň Kino günleriniň Türkiýe Respublikasynda geçirilmeginiň Türki halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädimdigini belledi.

Şeýle hem, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan öz çykyşynda Türkiýäniň Türkmenistan bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini hem-de medeni-ynsanperwer ugurda bilelikdäki taslamalary goldaýandygyny aýtdy.

Ankarada geçirilen Türkmenistanyň Kino günleri türkmen we türk halklarynyň dostlukly hem-de gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni alyş-çalyşy giňeltmekde hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde möhüm goşant boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026