HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

MWC 2026: Öýjükli aragatnaşyk we telekommunikasiýa boýunça esasy halkara innowasion tehnologiýalar sergisiniň anonsy

Fewral 17, 2026 | 16:30 |4270
Mobile World Congress (MWC) atly ýyllyk sergi 2026-njy ýylyň 2-5-nji marty aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde ýene-de dünýäniň öýjükli aragatnaşyk pudagynyň öňdebaryjy liderlerini bir ýere jemlär. Bu çäre öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion enjamlary we aragatnaşyk, programma üpjünçiligi, emeli aň we sanly ekoulgamlar ugrundaky täze çözgütleri görkezmek üçin esasy platformalaryň biri bolmagynda galýaMobile World Congress (MWC) atly ýyllyk sergi 2026-njy ýylyň 2-5-nji marty aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde ýene-de dünýäniň öýjükli aragatnaşyk pudagynyň öňdebaryjy liderlerini bir ýere jemlär. Bu çäre öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion enjamlary we aragatnaşyk, programma üpjünçiligi, emeli aň we sanly ekoulgamlar ugrundaky täze çözgütleri görkezmek üçin esasy platformalaryň biri bolmagynda galýa
Çeşme: mobilitymakers.co

Mobile World Congress (MWC) atly ýyllyk sergi 2026-njy ýylyň 2-5-nji marty aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde ýene-de dünýäniň öýjükli aragatnaşyk pudagynyň öňdebaryjy liderlerini bir ýere jemlär. Bu çäre öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion enjamlary we aragatnaşyk, programma üpjünçiligi, emeli aň we sanly ekoulgamlar ugrundaky täze çözgütleri görkezmek üçin esasy platformalaryň biri bolmagynda galýar.

Bu ýyl MWC sergisine HONOR, Motorola, OnePlus, Nokia, Samsung, Google we Xiaomi ýaly kompaniýalar gatnaşarlar. Sergide görkeziljek täzelikleriň arasynda, tekiz surata düşürmek üçin giňişleýin kamera mümkinçiliklerine eýe bolan HONOR Magic V6 eplenilýän smartfon we modully kamerasy we emeli aň arkaly maglumat geçirişiniň ýokary tizligini we ulanyjylar üçin täze mümkinçilikleri üpjün edýän Xiaomi 17 Ultra smartfonlary bolmagyna garaşylýar.

Sergä gelen myhmanlar flagman smartfonlaryny, eplenilýän enjamlary, dakylýan gajetleri we akylly aksessuarlary görmek, şeýle hem öýjükli pudagyň geljegini kesgitleýän çözgütler bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolar. MWC 2026, global sanly aragatnaşygyň täze ülňülerini kesgitleýän tehnologiýalary ornaşdyrmak we tejribe alyşmak merkezi bolar.

Serginiň wakalaryndan habarly bolmak, Barselonada yglan ediljek ähli täzelikler we täze önümler bilen MWC-iň resmi akkaundy arkaly tanyşyp bilersiňiz: www.mwcbarcelona.com.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026