HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýasy taýýarlanar

Fewral 17, 2026 | 22:10 |8039
2026–2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär2026–2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär
Çeşme: orient.tm

2026–2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu resminama ýurdumyzyň sanly özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Degişli işler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barlar. Prezidentiň karary bilen bu ministrlik sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem oňa elektron resminama dolanyşygy, sanly hyzmatlar we elektron hökümeti ösdürmek ugurlarynda ygtyýarlyklar berildi.

Maksatnama laýyklykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emeli aň, blokçein we zatlaryň interneti tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berler. Şeýle-de degişli hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we zehinli ýaşlary goldamak göz öňünde tutulýar.

Meýilleşdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň tehnologik kuwwatyny artdyrmaga, IT pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de kiberhowpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026