HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň JIÖ durnukly ösüşini saklaýar

Fewral 14, 2026 | 01:54 |8820
Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin makroykdysady görkezijileri: JIÖ-niň ösüşi 6,3%, gaz önümçiliginiň we sement önümçiliginiň artmagy. 2026-njy ýyl üçin ösüş we maýa goýum meýilnamalaryTürkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin makroykdysady görkezijileri: JIÖ-niň ösüşi 6,3%, gaz önümçiliginiň we sement önümçiliginiň artmagy. 2026-njy ýyl üçin ösüş we maýa goýum meýilnamalary
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 14-nji fewral | ORIENT. Anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň jikme-jik «sanly şekili» hödürlendi. 2025-nji ýylyň netijeleri we 2026-njy ýyl üçin uly maksatly meýilnamalar hil taýdan ösüşiň täze tapgyryna geçilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ýerde ýokary tehnologiýa, hususy pudak we drumuş kepillikler esasy orny eýeleýär.

Ykdysadyýetiň sagdynlygynyň esasy görkezijisi — jemi içerki önümiň ösüşi — 6,3% derejesinde hasaba alyndy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ösüş depginini täze 2026-njy ýylda-da saklamagy tabşyrdy. Pudaklar boýunça ösüş aşakdaky görkezijilere eýe boldy:

Ulag we aragatnaşyk +9,8%

Söwda +9,6%

Gurluşyk +7,9%

Oba hojalygy +7%

Türkmenistan serişdeleri gazyp almakda we gaýtadan işlemekde täsirli netijeleri görkezýär. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. Emma hakyky öňe gidişlik gaýtadan işlemekde we gurluşyk serişdelerinde hasaba alyndy:

Sementiň öndürilişi +40,9%

Nebit bitumyny +26,4%

Armatur, demir önümleriniň öndürilişi +22,3%

Dokma: nah matalaryň öndürilişi 16,7% ýokarlandy.

Bank ulgamy telekeçiligi we raýatlary işjeň goldaýar. Hususy pudaga berlen karzlaryň möçberi 23%, fiziki şahslara bolsa 25,4% ýokarlandy. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlar 20%-den gowrak köpeldi.

Ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri. 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9%-e ýetirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany 2026-njy ýylda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýumlarynyň Maksatnamasyny tassyklady:

Maýa goýumlar: Ykdysadyýete 41,2 milliard manada golaý maýa goýlar.

Iş orunlary: Täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5300-den gowrak iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär.

Durmuş ugry: Ähli maýa goýumlaryň 51% golaýyny durmuş-medeni maksatly binalara (mekdepler, hassahanalar, ýaşaýyş jaýlary) gönükdiriler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026