HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we «Horizon Europe» maksatnamasy: ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Fewral 11, 2026 | 18:00 |7891
Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň iň uly ylmy-barlag we innowasiýa maksatnamasy bolan “Horizon Europe”-a Türkmenistanyň gatnaşmagyna bagyşlanan maglumat sessiýasy geçirildiHalkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň iň uly ylmy-barlag we innowasiýa maksatnamasy bolan “Horizon Europe”-a Türkmenistanyň gatnaşmagyna bagyşlanan maglumat sessiýasy geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ylmy-barlag we innowasiýalar boýunça iň iri maksatnamasy — «Horizon Europe» maksatnamasyna gatnaşmagyna bagyşlanan maglumat sessiýasy geçirildi. Çäre ýurduň halkara ylmy dialogy giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň esasy maksady alymlary, mugallymlary we innowatorlary ylmy taslamalary maliýeleşdirmegiň gurallary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Sesssiýanyň hormatly myhmany hökmünde Ýewropa Komissiýasynyň düzüm birliginiň (GSF) wekili Kseniýa Sawçenko çykyş etdi. Gatnaşyjylar maksatnama barada giňişleýin syn aldylar we 2026–2027-nji ýyllar üçin ileri tutulýan ugurlar bilen tanyşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda innowasiýalary grant goldawy arkaly maliýeleşdirmek mehanizmlerine hem-de Merkezi Aziýa üçin möhüm ylmy ugurlara aýratyn üns berildi. Bilermenler we gatnaşyjylar iň gowy tejribeleri paýlaşmak we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny döretmek üçin türkmen alymlaryny dünýä ylmy jemgyýetine goşmak mümkinçiliklerini öwrendiler.

Maksatnama işjeň gatnaşmak ösüşe we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda şeýle duşuşyklaryň guralmagy ýaş hünärmenlere halkara bilermenler bilen göni aragatnaşyk saklamaga hem-de milli ylymy ösdürmekde dünýäniň iň gowy tejribelerini peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026