HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Danalaryň mirasy - dostluk köprüsi: Türkmen milli dünýä dilleri institutynda edebiýat agşamy

Fewral 07, 2026 | 15:30 |13701
6-njy fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy hem-de Zahyryddin Muhammet Babyryň doglan gününiň 543 ýyllygy mynasybetli medeni-edebiýat agşamy geçirildi6-njy fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy hem-de Zahyryddin Muhammet Babyryň doglan gününiň 543 ýyllygy mynasybetli medeni-edebiýat agşamy geçirildi
Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

6-njy fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy hem-de Zahyryddin Muhammet Babyryň doglan gününiň 543 ýyllygy mynasybetli medeni-edebiýat agşamy geçirildi.

Milli dünýä dilleri instituty bilen Özbegistanyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabarada dilçi talyplaryň halklaryň arasynda medeni diplomatiýanyň rowaçlanmagy üçin bize baý edebi mirasy goýan danalar bolan Magtymguly Pyragynyň, Alyşir Nowaýynyň we Zahyryddin Muhammet Babyryň döredijiliginden parçalary dürli dillerde ýerine ýetirmegi, wideo şekilleriň görkezilmegi edebiýat agşamynyň täsirini has-da artdyrdy.

Türkmen milli dünýä dilleri instituty milli gymmatlyklaryň sergisi

Şonuň ýaly-da bu ýerde guralan Gündogaryň beýik danalarynyň edebi mirasynyň türkmen-özbek dostlugynyň köprüsini pugtalandyrýan parasatly kitaplarynyň we iki halkyň milli gymmatlyklarynyň sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň dowamynda institutyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan özbek aýdymlary we iki ýurduň milli tanslary türkmen-özbek dost-doganlygynyň gülläp ösýändiginiň we bu gymmatlyklara ýokary derejede sarpa goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty milli tanslar

Häzirki wagtda asyrlar boýy däp-dessur, milli gymamtlyklar, edebi miras, biri-birine has ýakyn dilleriň gatnaşygy esasynda dost-dogan bolup ýaşan türkmen hem özbek halklarynyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Munuň şeýledigini iki halkyň bilelikde alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatynda hem görmek bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026