HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beauty & Care Istanbul 2026: türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek sergä gatnaşmaga çagyrylýar

Fewral 02, 2026 | 16:30 |6123
26–29-njy mart aralygynda Stambulda Beauty & Care Istanbul 38-nji Halkara lukmançylyk estetikasy, ýaşartma we professional kosmetika sergisi geçiriler26–29-njy mart aralygynda Stambulda Beauty & Care Istanbul 38-nji Halkara lukmançylyk estetikasy, ýaşartma we professional kosmetika sergisi geçiriler
Çeşme: guzellikvebakim.com

26–29-njy mart aralygynda Stambulda Beauty & Care Istanbul 38-nji Halkara lukmançylyk estetikasy, ýaşartma we professional kosmetika sergisi geçiriler. Bu çäre onlarça ýyllap dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny we dürli ýurtlardan gelen hünärmenleri bir ýere jemläp gelýän iri pudaklaýyn çäre bolup durýar.

Sergi tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we geljegi uly bazarlary özleşdirmek üçin özboluşly meýdança bolar.

Sergide nämeler hödürlener?

Ekspozisiýa häzirki zaman ideg we lukmançylyk ulgamynyň ähli esasy ugurlaryny öz içine alýar:

• Lukmançylyk estetikasy we kosmetologiýa üçin iň täze enjamlar;

• Plastik hirurgiýa pudagyndaky innowasiýalar;

• Professional kosmetika, saç bezegi we ýüz bezegi üçin önümler;

• SPA, Wellness we fitnes merkezleri üçin tehnologiýalar.

Sergi hünärmenleriň we işewürleriň giň toparyna niýetlenendir. Ol lukman-estetikler, diýetologlar, gözellik salonlarynyň, klinikalaryň we myhmanhanalaryň eýeleri, şeýle hem enjamlary paýlaýjylar üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolar. Bu ýerde telekeçiler öndürijiler bilen gönüden-göni gepleşik geçirip, dünýä tendensiýalary bilen tanyşyp, hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyryp bilerler.

Beauty & Care 2026 sergisine gatnaşmak türkmen telekeçiligi üçin hil taýdan täze derejä çykmak we halkara işewürlik aragatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikdir.

Geçiriljek ýeri: Stambul, Lütfi Kirdar adyndaky Halkara maslahatlar we sergiler merkezi (Rumeli zaly).

Giňişleýin maglumat we hasaba alyş: guzellikvebakim.com

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026