HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow bilen Marko Rubio telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

Fewral 01, 2026 | 02:00 |6977
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem-de ýörite wekili Serjio Gor bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiTürkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem-de ýörite wekili Serjio Gor bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Çeşme: Cliff Owen/AP

Waşington – Aşgabat | ORIENT. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem-de ýörite wekili Serjio Gor bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýada sebit howpsuzlygyny we ykdysady abadançylygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň ösüşine aýratyn üns berildi. Döwlet sekretary Marko Rubio ABŞ-nyň işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Şu gezekki gepleşikler ýakynda ýörite wekil Serjio Goryň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparynyň logiki dowamy boldy. Şol saparyň dowamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.

Waşingtonyň ýokary derejeli wekiliniň türkmen paýtagtyna sapary we onuň yz ýanyndan Döwlet sekretary Marko Rubionyň telefon arkaly söhbetdeşligi ABŞ administrasiýasynyň Türkmenistan bilen, şol sanda «C5+1» formatynyň çäginde, göni we açyk dialoga ymtylýandygyny hem-de aragatnaşyklaryň ýokary depginli häsiýete eýedigini görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026