HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Katar atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Ýanwar 31, 2026 | 15:35 |8337
29-31-nji ýanwary aralygynda Katar döwletiniň Atçylyk federasiýasynyň çakylygy boýunça Akademiýanyň rektory we wekiliýetiniň bu ýurda amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» dabaraly ýagdaýda gol çekildi29-31-nji ýanwary aralygynda Katar döwletiniň Atçylyk federasiýasynyň çakylygy boýunça Akademiýanyň rektory we wekiliýetiniň bu ýurda amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» dabaraly ýagdaýda gol çekildi
Çeşme: Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde, bilim we ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara derejesine ýokarlandyrmak we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu maksatlara laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmak üçin taryhy ädim ädildi.

29-31-nji ýanwary aralygynda Katar döwletiniň Atçylyk federasiýasynyň çakylygy boýunça Akademiýanyň rektory we wekiliýetiniň bu ýurda amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» dabaraly ýagdaýda gol çekildi.

30-njy ýanwarynda geçirilen we Katar atçylyk federasiýasynyň Prezidenti Bader Mohammed Al Darwişiň, Kataryň Emiriniň "Al Shaqab" atçylyk toplumynyň ýerine ýetiriji başlygynyň orunbasary Halid Abdullah al-Hatmiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew Hojamuhammedowiçiň gatnaşmagynda bolup geçen duşuşykda gol çekilen bu resminama iki ýurduň arasyndaky ylym, bilim, innowasiýa we atçylyk sporty ugrundaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Меморандума о взаимопонимании между Международной академией коневодства имени Аба Аннаева и Федерацией конного спорта Катара

Söýenç AHMEDOW, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

13:30 Oktýabr 10, 2026
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026