HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Feel Korea!»: türkmen talyplary Günorta Koreýada dil tejribeligini geçýärler

Ýanwar 29, 2026 | 18:45 |5541
19-njy ýanwar - 2-nji fewral aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy A. Seýitberdiýewa hem-de institutyň talyplary «Feel Korea! with KNU» atly gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar19-njy ýanwar - 2-nji fewral aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy A. Seýitberdiýewa hem-de institutyň talyplary «Feel Korea! with KNU» atly gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar
Çeşme: education.gov.tm

19-njy ýanwar - 2-nji fewral aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy A. Seýitberdiýewa hem-de institutyň talyplary «Feel Korea! with KNU» atly gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar. Okuw Günorta Koreýanyň Kangwon milli uniwersitetiniň binýadynda Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilýär.

Bu tejribe okuwy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Saparyň esasy maksady — dil boýunça amaly aragatnaşyk başarnyklaryny ösdürmekdir. «Pedagogika bilimi» ugry boýunça okaýan talyplar her gün geçirilýän sapaklara gatnaşyp, dilden we ýazmaça sözleýiş endiklerini kämilleşdirýärler; koreý dilinde gündelik aragatnaşygy pugtalandyrýarlar; çylşyrymly sözleriň ýazuw aýratynlyklaryny öwrenýärler.

Maksatnama Koreýa Respublikasynyň milli muzeýlerine baryp görmek hem-de ýurduň tebigy gözel ýerleri bilen tanyşmagy hem öz içine alýar. Taryhy miras we halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen göni aragatnaşyk geljekki dilçi hünärmenlere öwrenilýän diliň inçe aýratynlyklaryna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.

Tebigy dil gurşawynda alnyp barylýan okuw dili çalt özleşdirmek üçin güýçli itergi berýär. Şeýle halkara tejribesi talyplaryň dünýägaraýşyny giňeldýär we olaryň dünýä derejesindäki ýokary derejeli hünärmenler hökmünde kemala gelmegine ýardam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026